Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Aragatnaşyk pudagynda gazanylan netijeler we durnukly ösüşiň möhüm ugurlary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ata Watanymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanýar.

Latwiýada ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler
12 — 16-njy iýun aralygynda Latwiýa Respublikasynda geçiriljek Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada 26-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Sürüjiler bäsleşdiler
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýurdumyzyň awtoulag sürüjileriniň arasynda «Döwrüm bagtyýar, ýolum ygtybar» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi.

Ak ýollara siňen zenan zähmeti
Öz saýlan hünärinde zähmet çekýän adam işine aýratyn hormat, söýgi bilen garaýar. Hünärini dowamly kämilleşdirmegiň ugrunda bolýar. Alyp barýan işinden ýadaman, gaýta lezzet alýar. Bu bolsa onuň töweregindäki beýleki kärdeşlerine-de öz täsirini ýetirýär. Olaryň hem zähmete bolan höwesini artdyrýar.

Bütindünýä durnukly ulag gününiň yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi
Ýakynda Ak bugdaý etrap häkimliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginiň hem-de «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi.

Türkmenistan Leýpsigde geçirilen Halkara ulag forumynyň sammitine gatnaşdy
Türkmenistan, 24-nji maýdan 26-njy maý aralygynda Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) ýyllyk sammitine gatnaşýar.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi sanlylaşdyrylar
TRASEKA-nyň 13 agza-ýurdy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak meseleleri boýunça iş toparynyň mejlisiniň Düzgünnamasyny we işiniň meýilnamasyny makulladylar – diýip, TRASEKA hökümetara toparyna salgylanyp, Trend habar berýär.

“Türkmendeňizderýaýollary” bilen “Petronas Carigali” gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Kompaniýanyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçilikleri hem-de kuwwatlyklary bilen tanyşdyryldy. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri bilen “Petronas Carigali (Turkmenistan) Sdn Dhd” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda geçen hepdäniň duşenbe güni geçirilen duşuşykda gämi gurluşyk taslamalary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň metbugat gullugy habar berdi.

“KAMAZ” Daşoguz welaýatynda tehniki hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýär
''KAMAZ'' täze hyzmat ediş merkezleri türkmen-rus işewürlik hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Russiýanyň “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda bäşinji tehniki hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesinde umumy serişdeleriň $2 trilliondan geçmegine garaşylýar
Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 2030-njy ýyla çenli Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça logistika taslamasy üçin umumy serişdeleriň 2 trillion ABŞ dollaryndan geçmegine garaşýar. Bu barada BAE-niň Daşary söwda ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi 18-19-njy maý aralygynda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçirilen “Russiýa — Yslam dünýäsi: Kazan Forum — 2023” XIV halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.