Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16549bf10c4b89.jpeg
2 ýyl ozal
Daşkentde ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar

Mälim bolşy ýaly, 8-9-njy noýabrda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler. Gün tertibine laýyklykda, sammitde guramanyň çäklerinde söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «Report.az» habar berýär.

16549bc89de753.jpeg
2 ýyl ozal
YHG-niň Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy güýçlendirer

Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýe Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» ugry arkaly halkara multimodal geçelgäni döretmek baradaky teswirnama gol çekdi. Bu barada «nCa» internet portaly habar berdi.

16549ba5be78b0.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň «gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmatynyň artykmaçlyklaryna baha beriň

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň harytlary ibermek boýunça «gapydan-gapa» çaparçylyk hyzmaty türkmenistanlylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir we diňe bir adaty sarp edijiler tarapyndan däl, eýsem, döwlet kärhanalary, hususy firmalaryň hem-de kompaniýalaryň wekilleri tarapyndan hem giňden peýdalanylýar, çünki bu hyzmat olar üçin yzygiderli dowamlylykda zerurdyr.

16548dddc3babc.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmentel ‒ 2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlaýar

9-10-njy noýabrda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ‒ 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

16548790d327b5.jpeg
2 ýyl ozal
TransLogistica Uzbekistan 2023: Türkmenbaşy porty dünýäniň ulag kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekdi

2023-nji ýylyň 1-3-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “TransLogistika Uzbekistan 2023” atly halkara sergisi geçirildi. Bu çärä 15 ýurtdan 60 dan gowrak kompaniýa gatnaşyp, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem öz sergi stendi bilen çykyş etdi.

1654871e79cc13.jpeg
2 ýyl ozal
Gyrgyzystan we Eýran Türkmenistanyň üstünden geçýän geçelgede hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Häzirki wagtda Eýranyň Bandar-Abbas deňiz portundan Gyrgyzystanyň Oş şäherine konteýner daşamak üçin synag demir ýolunyň açylmagy öwrenilýär. Bu barada Gyrgyzystanyň Ulag we kommunikasiýalar ministri Tilek Tekebaýew Daşkentde YHG-ä agza ýurtlaryň ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki 12-nji duşuşygynyň mejlisiniň çäginde mälim etdi diýip, «Trend.az» habar berýär.

165486fa8b16a4.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine ýolagçy gatnawlarynyň gaýtadan başlandygyny mälim etdi. Bu barada howa gatnawçysynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

165486d55afe64.jpeg
2 ýyl ozal
Raýatlarymyza «sanly kart» we galtaşyksyz töleg hyzmatlary hödürlener

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, döwrebap innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek üçin durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

1654864b99aba4.jpeg
2 ýyl ozal
Daşkentde YHG-niň ministrler duşuşygynda Türkmenistanyň ulag mümkinçilikleri tanyşdyryldy

2-nji noýabrda Özbegistanyň paýtagtynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag meseleleri boýunça ministrler derejesindäki 12-nji duşuşygynyň mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekiliýeti gatnaşdy diýip, «Orient.tm» habar berýär.

16544bfc1c8b36.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Berdimuhamedow «Türkmentel-2023» halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy

9-10-njy noýabrda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.