Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
16521117a88db3.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

1652110836112c.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Londona uçuş tertibini üýtgeder

Noýabr aýyndan başlap Aşgabatdan Londona (Beýik Britaniýa) boljak uçar gatnawlary täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

165210fe98ee10.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny ösdürip, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär

Türkmenistan milli ykdysadyýetini dünýä çykarmak we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň möçberini artdyrmak maksady bilen ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny işjeň ösdürýär.

16520fdc637c05.jpeg
2 ýyl ozal
HALYPA SÜRÜJI

Gülläp ösýän eziz Diýarymyzda halal zähmet çekip, Watanymyza, il-günümize hyzmat edýän adamlaryň hormat-sarpasy hemişe uludyr. Şeýle adamlaryň biri Jumaguly agadyr. Jumaguly aga öz kärdeşleriniň arasynda halypa sürüji hökmünde uly abraýdan peýdalanýar.

1651e457638adc.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” agentligi bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentligi Mary halkara howa menziliniň çägindäki uçarlar üçin niýetlenilen asfalt beton ýollaryny hem-de ýolagçy perronyny täzelemek boýunça açyk görnüşli tender yglan edýär

1651e443265239.jpeg
2 ýyl ozal
ÝYK Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden demirýol ýük daşamalaryna gyzyklanma bildirýär

Häzirki wagtda Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) Türkmenistanyň we Eýranyň üstünden demirýol arkaly haryt daşamak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşýan ýurtlar, şeýle hem bu taslama gyzyklanma bildirýän taraplar bilen iş alyp barýar.

1651d0c8d3429c.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi german kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk we maýa goýum üçin birnäçe taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.

1651d0b00b1b92.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Germaniýa ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Berlin şäherinde iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

1651c0ad6e7141.jpeg
2 ýyl ozal
Halkara kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän ilkinji Kiberhowpsuzlyk boýunça «Cyber Security Central Eurasia 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş güni dowam edýär.  

1651be3d0a84dc.jpeg
2 ýyl ozal
2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahaty geçirilýär

Guramaçylykly we ýokary derejede geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş gününe dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýeti gatnaşdylar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.