Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
166211bf686cdd.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we «TRACECA» gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «TRACECA» Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşyk geçirdi - diýip, TDIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

166211ab026001.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

18-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda «Agzybir maşgala – jebis jemgyýet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek we çaga terbiýesiniň kämil bolmagyny gazanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

16620b8dc05731.jpeg
1 ýyl ozal
“Demirýollary” AGPJ halkara tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti CKD kysymly teplowozlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-042 belgili açyk halkara tender yglan edýär:

16620b7bdbeb08.jpeg
1 ýyl ozal
Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary başlamak üçin işler alnyp barylýar

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok ýurduň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan sişenbe güni Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli guralan tanyşdyryş çärede ýakynda Ankara-Aşgabat ugry boýunça uçuşlary başlamak üçin degişli işleriň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

16620b5c2394ab.jpeg
1 ýyl ozal
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi: dördünji iş güni

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň dördünji iş güni öz işne başlady.

16620b451e9c36.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslaryň 200-e golaýyny sowgat etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşuryldy.

16620c1abea905.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halysynyň gözelligi DÝHG agza döwletleriň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň myhmanlaryny haýran galdyrdy

Aşgabat şäherinde geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler.

16620b32cebdd3.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýty habar berýär.

1661fcad63396c.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

17-nji aprelde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary bolan kümüş saçly enelerimiz, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle hem agentligiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri we Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

1661fad3b5ecf4.jpeg
1 ýyl ozal
«RDÝ-niň» wekili Moskwa – Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary

«Russiýanyň Demir ýollary» AGPJ-niň Halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky taslamalar departamentiniň başlygynyň orunbasary Lýudmilla Renne ozal meşhur bolan Moskwa – Aşgabat ýolagçy otlusynyň gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdarydygyny belläp geçdi. Bu barada «TASS» habar berýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.