Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: bäşinji gün
Düýn Medeniýet hepdeliginiň çäreleri Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dowam etdi. Bu ýerde “Kitaphanalaryň ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmagyň hem-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat we neşir önümleriniň sergisi guraldy.
Kuzbassyň kömür ýükli iki otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana ýollanyldy
Ilkinji gezek Kuzbassyň kömür ýüklenen iki otlusy «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Hindistana iberildi.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 6,3% ýokarlandy
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterim artdy diýip,
Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketlerini yzarlamak üçin «Duralga» goşundysyna täzelemeler girizildi
«Android» we «iOS» operasion ulgamlaryna esaslanýan smartfonlaryň eýeleri «Duralga» programmasynyň birnäçe ýeňilleşdirmeler geçirilen täze görnüşini göçürip alyp bilerler.
Türkmenistanda Orta geçelgäni diwersifikasiýa etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
«Azerbaýjanyň demir ýollarynyň» (ADÝ) başlygy Rowşan Rustamow Aşgabada iş saparynyň barşynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliýeti bilen duşuşdy.
«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty
Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.
Medeniýet hepdeligi — 2024: dördünji gün
Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, şu gün ýurdumyzda taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak we öwrenmek babatda giň gerimli işleriň ähmiýetini açyp görkezýän hem-de milli medeniýetimizde, şol sanda sirk sungatynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrýan çäreler geçirildi.
Aşgabat şäherinde “Dokmaçylar” medeni merkezi açyldy
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde sişenbe güni Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.
«Medeniýet hepdeligi — 2024»: üçünji gün
Türkmen jemgyýetiniň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän we halkymyzyň ruhy durmuşynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýän Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Döredijilik forumynyň üçünji güni «Arkadag arşa göterdi Pyragynyň sarpasyny» atly maslahat bilen badalga aldy. Ol Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda geçirildi.
Türkmenistanda statistika ulgamy sanlylaşdyrylýar
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow statistika ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, maglumatlary toplamakda we döretmekde täze usullary, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.