Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat berildi
Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi.
Türkmenistan 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny we tehniki häsiýetnamalaryny öwrenýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bäsleşik toparynyň adyndan aşakda görkezilen lotlar boýunça açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” sergisine gatnaşar
Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi HHR-iň Urumçy şäherinde geçiriler.
Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty $9,9 milliona barabar boldy
Türkiýeden Türkmenistana awtomobil ätiýaçlyk şaýlarynyň eksporty 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 9,9 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkiýäniň Söwda ministrligine salgylanyp, “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistan söwda, ýük daşamak işlerini ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy
“Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň uly utgaşdyryjysy Sapa Gurbanberdiýew Türkmenistanyň wekili hökmünde şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen söwda we ýük daşamak işini ýeňilleşdirmekde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça 15-nji halkara okuw maslahatyna gatnaşdy.
AŞTU täze “Smart Goldaw” hyzmatyny işe girizdi
“Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ýörite programma üpjünçiligi hem-de aragatnaşyk torlary arkaly habar beriş howpsyzlyk we gözegçilik ulgamynyň “Smart Goldaw” hyzmatyny girizdi.
Türki dünýäniň medeni mirasynyň sanly katalogy taýýarlanylýar
Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.
Ulag-logistika aragatnaşyklary – Merkezi Aziýa sebitini gülledip ösdürmegiň möhüm ugry
Ýakynda Özbegistanyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa-Hytaý» seljeriji merkezleriniň dördünji forumy geçirildi. Seljerijileriň abraýly maslahatynyň işine gündogarşynas, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkeziniň bilermeni Döwletmyrat Mämmedow gatnaşdy.
Aşgabatda gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy sebitara maslahaty geçirildi
Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri duşuşyga synçy hökmünde wekilçilik etdiler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.