Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Awtomobil ulag hyzmaty» jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tejribeli sürüjileri paýtagtymyz Aşgabadyň çäginde jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmak üçin işe çagyrýar. Işlemäge isleg bildirýänleriň «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň (8 hem-de şondan köp adamlyk ýolagçy ulaglaryny dolandyrmak üçin) bolmagy hökmandyr. Sürüjiler bu ýerde «Hyundai» we «Toyota» kysymly jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmaly bolarlar.
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýük awiagatnawy
2024-nji ýylyň iýulyndan Gruziýanyň “Georgian Airways” awiakompaniýasy Tbilisi (Gruziýa) – Meýlan (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Tbilisi (Gruziýa) ugry boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady. Bu barada Türkmenabadyň halkara howa menzili habar berýär.
Deňiz ulaglary ulgamynda türkmen-belgiýa hyzmatdaşlygy ösdürilýär
2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen Belgiýa Patyşalygynyň "Camco Technologies NV" kompaniýasynyň wekiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
«Türkmenhowaýollary» agentligi ICAO bilen bilelikde sebit treningini geçirer
Şu ýylyň 30-njy sentýabry — 18-nji oktýabry aralygynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Halkara raýat awiasiýa guramasy (ICAO) bilen bilelikde guralýan «Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça Döwlet inspektory – hünärmenlere şahadatnama bermek» okuw maksatnamasynyň çäginde nazaryýet okuwy geçiriler.
Türkmenistan, Gazagystan we Owganystan ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeldýär
Golaýda Aktau (Gazagystan) şäherinde geçirilen Birinji «Demirgazyk-Günorta» söwda-logistika forumynyň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag toplumynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky täze halkara ulag geçelgesi boýunça ylalaşyga şu ýyl gol çekiler
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Hazar we Gara deňizlerini baglanyşdyrýan täze ulag geçelgesi dörediler. Bu barada «Report» habar berdi.
Edara-kärhanalaryň we raýatlaryň dykgatyna!
«Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy» sargyt esasynda ýolagçy gatnatmak hyzmatyny ýerine ýetirýär.
Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ugratdy
21-nji iýulda Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusyny ýollady. Hytaýyň demirgazyk-günbataryna çenli uzajak 10 297 kilometrlik ugur iki hepdeläp dowam eder, bu bolsa ýüküň deňiz boýunça ugradymagyndan iki esse çaltdyr.
Aşgabatda “Olimpiada — 2024-e” gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi
22-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär.
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada gysgaça maglumat
Yssy howa saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen, açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. Günden goranmak üçin ýeňiljek başgap geýmeli, ýaglyk atynmaly ýa-da saýawan götermeli. Günden goraýjy äýnekleri dakynmak hem peýdalydyr. Yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý arassa agyz suwuny içmeli.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.