Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bütindünýä emeli aň konferensiýasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçen Bütindünýä emeli aň konferensiýasyna we Emeli aňyň global dolandyrylyşy boýunça ýokary derejeli ýygnaga gatnaşdy.
Jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanylandy
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizilendigini aýtdy.
Turkish Airlines tomsuň ahyryna çenli Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň biletlerini arzanladýar
Turkish Airlines awiakompaniýasy 31-nji awgusta çenli Aşgabat-Stambul-Aşgabat ugry boýunça awiabiletleriniň bahalaryny arzanlatdy.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly ulgamyň täze gazananlary barada söhbetdeşlik gurnady
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarynyň arasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, elektron okuw sapaklaryny ösdürmekde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada söhbetdeşlik gurnaldy.
Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi
«Azerbaýjanyň Hazar ýük daşaýyş kompaniýasynyň» (ASCO) sargydy esasynda Baku gämi-gurluşyk zadowynda gurlan hem-de 2-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylyşa berlen «Zangilan» tankeri ilkinji ýüküni Türkmenistanyň Alaja deňiz portuna getirdi.
Gazagystan-Türkmenistan-Owganystan ugry boýunça ýükleri daşamagyň şertlerine garaldy
2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksport etmegi meýilleşdirýär
Azerbaýjan Türkmenistana awtoulag eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Report» habar berýär.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mümkinçilikleri Arkadag şäherinde geçirilen tegelek stolda giňişleýin beýanyny tapdy
Döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň binasynda «Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň innowasion ýollary» atly tegelek stol geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.
2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonlaryň öndürilişi 6% artdy
Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir.
Aragatnaşyk pudagynyň halkara birikmeleri
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.