Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
166c81da70605e.jpeg
1 ýyl ozal
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenlerine şahadatnamalar gowşuryldy

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň edara binasynda Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shuipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan gämi gurluşyk ugry boýunça geçirilen amaly okuw sapaklarynda ýokary görkezijilerine mynasyp bolan türkmen hünärmenlerine şahadatnamalar gowşuryldy.

166c81cd39c559.jpeg
1 ýyl ozal
«Frontier Works Organization» kompaniýasy bilen ýol-ulag infrastrukturasyny gowulandyrmak we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

22-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistanyň «Frontier Works Organization» kompaniýasynyň prezidenti we baş inženeri Kaşif Nazir bilen duşuşdy.

166c81b83311ae.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen ýaşlary “Algoritm” okuw merkezinde IT hünärlerini öwrenýärler

“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär. Elbetde, bu ösüşleriň sakasynda Hormatly Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň diýseň uly tagallalary bar. Sebäbi biziň Watanymyzda ýaş nesil baradaky alada mydama döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

166c8184cc5689.jpeg
1 ýyl ozal
Eýran we Türkmenistan ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiliklerini öwrenýär

"ISNA" habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň Ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen üç günlük duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tenologiýalar uniwersitetiniň wekilleri iki ýurduň ylmy kuwwatyny ösdürmekde we täze tehnologiýalary işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlygyň giň ýol açjakdygyny bellediler.

166c585bb7739d.jpeg
1 ýyl ozal
«ÇaparPay»: ähli zerur tölegler bir programmada

«ÇaparPay» mobil programmasy Türkmenistanda hyzmatlaryň töleglerini amatly we çalt geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. «ÇaparPay» bilen diňe bir ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin jerimeleri däl-de, eýsem, beýleki dürli tölegleri hem çalt we rahat geçirip bilersiňiz.

166c5821aea59f.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanda ulag sürmek kurslaryna ýazylmak e.gov.tm döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn elýeterlidir

Türkmenistanda sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin kurslara e.gov.tm döwlet hyzmatlar portaly arkaly onlaýn ýazylmak mümkinçiligi döredilendir. Bu hyzmat raýatlara öýden çykmаzdan, isleýän kategoriýasyny saýlamaga, zerur maglumatlary doldurmaga we okuw üçin töleg etmäge mümkinçilik berýär. Ýazgy e.gov.tm portalyndaky "Awtomobil mekdepleriniň birleşigi" bölüminde elýeterlidir.

166c571e144788.jpeg
1 ýyl ozal
“Belawia” Russiýadan Türkmenistana we yzyna üstaşyr gatnawlarynyň birnäçesiniň bahalaryny arzanlatdy

26-njy oktýabra çenli aşakdaky ugurlar boýunça ýörite promotarif hereket edýär: Moskwa-Minks-Türkmenbaşy we Moskwa-Minks-Türkmenbaşy-Minsk-Moskwa, Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy we Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy-Minsk-Sankt-Peterburg. Bu barada awia geçirijiniň habarlar gullugyna salgylanyp, Belta habar berýär.

166c5722a3e96e.jpeg
1 ýyl ozal
Awazada şowhun-şatlykly dynç alyş dowam edýär

Şu günlerde gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşyň gyzykly möwsümi dowam edýär. Bu ýerde köp sanly dürli derejeli myhmanhanalar, çagalara we ululara niýetlenen dynç alyş-sagaldyş binalary, medeni-durmuş ähmiýetli ymaratlar, kottej toplumlary, ýaht klublary, «Awaza» şypahanasy wagtlaryny hoş geçirmäge, saglygyny dikeltmäge, berkitmäge gelýän bagtyýar raýatlara nusgalyk hyzmatlary göreldeli ýola goýýarlar.

166c56f589330e.jpeg
1 ýyl ozal
Parahatçylyk we ynanyşmak dialogynyň pugtalandyrylmagy — ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna berk eýerýär.

166c41ab6c9c71.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň wekiliýeti ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Dagystanda geçiriljek ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar. Bu halkara forumyna Hazarýaka sebitiniň ähli döwletleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.