Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisindäki çykyşynda ähmiýetli teklipleri öňe sürdi.
Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobus sürüjilerini işe çagyrýar
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan edýär.
“Demirýollary” AGPJ tarapyndan “Nejmeddin Kubra” ýadygärlikler toplumyna çenli zyýaratçylar üçin ýörite otluny ýola goýulýar
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Daşoguz welaýatyndaky “Nejmeddin Kubra” ýadygärlikler toplumyna zyýarat etmek üçin ýörite otluny ýola goýýar.
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi açyldy
Çarşenbe güni Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy. Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildi halkymyza sowgat berildi
9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanda saglygy goraýyş maksatly täze edaralar açyldy
Her ýylda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyny giňden baýram etmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem bu şanly sene mynasybetli birnäçe iri çäreler geçirilýär. Şu gün paýtagtymyzda açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary şol esasy çäreleriň biri boldy.
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) bilelikde gurnamagynda geçirilen okuw maslahaty
Ýakynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) bilelikde gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Deňiz” myhmanhanasynda geçirilen okuw maslahaty geçirildi.
Paýtagtymyzda №18, №32 we №46 awtobus ugurlary 9-njy oktýabrdan üýtgär
Awtobus hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we ilatyň ýol ulagyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabryndan Aşgabatda aşakdaky görkezilen belgili awtobuslaryň ugurlary üýtgär.
Dünýä döwletleriniň Baştutanlary halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelerler
Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň Liderleri 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşarlar.
Ýewropa komissary: Türkmenistan–Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köpri
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ÝB-niň komissary Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.