Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
Türkmenistanda ilkinji gezek “HI-TECH-2024” forumy geçiriler
2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de “Oguzabat” hojalyk jemgyýetiniň guramagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara forum hem-de sergi geçiriler.
Ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýady berkidilýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen hepde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Türkmenistan bilen IRU ulag baglanyşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylyp Aşgabat şäherinde noýabr aýynda geçiriljek halkara maslahatynyň taýýarlyk işleri barada maslahatlaşdylar.
“Demirýollary” AGPJ bäsleşik yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Ruhubelent bekediniň golaýynda ýuwujy we bugardyjy toplumyny gurmak boýunça №DÝ/AGPJ-039 belgili açyk görnüşli bäsleşigi gaýtadan yglan edýär:
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etdi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi.
Türkmenistanda “E-mekdep” bitewi elektron meýdança işe girizildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezi Türkmenistanda bilimiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm goşant goşan mugallymlar, ene-atalar we mekdep okuwçylary üçin «E-mekdep», bitewi elektron meýdançany işe girizdi.
“Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistan bazaryna gyzyklanma bildirýär
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýar. Türkmen wekiliýet bu ýurtda geçirilýän “World Smart City Expo” atly Bütindünýä sergisi gatnaşdy we birnäçe gepleşikler geçirdi.
Türkmenistanda ýaşlar üçin halypalyk onlaýn meýdançasy açyldy
Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi. Ýaponiýanyň Hökümetiniň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu başlangyç tejribeli hünärmenlerden peýdaly bilimleri we endikleri almaga mümkinçilik berer.
2024-nji ýylyň awgusty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda geçirilen köp sanly işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, hökümetara toparlaryň mejlisleri we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar — döwletler, iri halkara we sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berdi.
Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda 3 baýraga mynasyp boldy
“Akylly” Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň halkara sergisiniň baýrak gowşuryş dabarasynda 3 sany baýraga mynasyp boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.