Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER

Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy
18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

«Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary» webinary: seljerme we geljegiň mümkinçilikleri
Ýäkynda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara Utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) tarapyndan «Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň ösüşiniň täze maksatlary» atly webinar guraldy.

USAID Türkmenistanyň raýat jemgyýetinde sanly innowasiýalary ilerledýär
16-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň Mejlisiniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň we 15 sany jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky dördünji raýat forumy geçirildi.

Owganystan Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýar
Owganystan Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldaýar diýip, ýurduň hökümetiniň metbugat sekretary Zabihulla Mujahid belledi. Bu barada Owganystanyň “TOLOnews” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar
Türkmenistan halkara ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky ornuny barha berkitmek bilen Ýewraziýanyň esasy logistika merkezine öwrülmegi maksat edinýär. Ýurtda ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek babatda uly işler alyp barýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Malaýziýa göni uçuşlary ýola goýýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň (Malaýziýa) arasynda täze uçuş hyzmatyny açdy. Bu barada HHM habar berýär.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gyzyklanmalar has ýokarlanýar
2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerine bagyşlanyp Transýewraziýa ýük daşamalary boýunça Halkara Utgaşdyryjy geňeşi (TÝHUG) we “Türkmen Logistika” assosiasiýasy bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ýewraziýa multimodal ýük daşamalarynyň täze ösüşiniň maksatlary” atly webinar geçirildi.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri Walensiýa portuna baryp gördüler
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri Ispaniýa Patyşalygynyň Walensiýa portunda saparda boldular. Bu sapar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) “Hazar deňziniň sebitinde “ýaşyl” portlaryň we durnuklylyk ýörelgelerini ulanmak” taslamasynyň çäklerinde guraldy.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary Kuala-Lumpurda dabaraly garşylandy
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarynyň Kuala-Lumpur şäherine ilkinji uçuşy dabara bilen garşylandy. Ilkinji uçuşy ýerine ýetiren uçaryň ekipaž agzalaryny we 228 ýolagçyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow we Malaýziýanyň syýahatçylyk, sungat we medeniýet ministri Dato Şri Tiong King Sing garşyladylar.

“Türkmenawtoulaglary” agentligi bäsleşik yglan edýär
“Türkmenawtoulaglary” agentligi ýük awtoulaglary üçin awtotekerleri satyn almak maksady bilen bäsleşik yglan edýär

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.