PREZIDENT SERDAR BERDIMUHAMEDOW OBA MILLI MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞI BILEN BAGLY MESELELERE SERETDI
31-10-24
28-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly ýerine ýetirilmelidigini belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany degişli maksatnamalara laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň oba hojalygy pudagynda jogapkärli döwrüň --- pagta ýygymy möwsüminiň dowam edýändigini we ýygymyň depginini has-da güýçlendirmegiň, hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur işleri talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýygymda kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň, pagta arassalaýjy kärhanalaryň hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň doly güýjünde we netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany welaýatlarda bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we kadalara laýyklykda geçirilmegine berk gözegçilik etmegi, ekişde ulanylýan tehnikalaryň we gurallaryň netijeli işledilmegini üpjün etmegi hem-de beýleki degişli tabşyryklary berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda hyzmat ediji edara-kärhanalar bilen 2024-nji ýylyň pagta hasyly, 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylynyň talabalaýyk, ýitgisiz ýygnalmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gyş paslynyň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmegi, şeýle hem degişli maksatnamalara laýyklykda welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdу.
Annageldi Bäşimow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar
Ýakynda Eswatini Patyşalygynda önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şol gün gurluşyk işlerine resmi taýdan badalga berildi. Dabara «Aýdyň Gijeler» kompaniýasynyň wekilleri bilen bir hatarda Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli resmi wekilleri hem gatnaşdylar.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçdi, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň ulag ministri bilen duşuşdy
Golaýda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň ulag ministri Şeýh Muhammed bin Abdulla bin Muhammed Al Tani bilen duşuşdy.
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17-nji iýunda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi.
Türkmenistan we CASCA+ ýurtlary ýük daşamalaryny artdyrmak ylalaşygyna gol çekdiler
Türkmenistan we CASCA+ halkara ulag geçelgesine gatnaşyjy bäş döwlet ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga hem-de bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada anna güni “Özbekdemirýollary” paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.