Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
165d874126a358.jpeg
1 ýyl ozal
Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasy bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

Düýn, Fransiýa Respublikasynyň “Arterail” kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baştutany Žerom Garsýanyň ýolbaşçylygynda bu kompaniýanyň hünärmenleri bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk bolup geçdi.

165d853692cf0c.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Magtymguly Pyraga bagyşlanyp wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem-de   «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

165d83b68efefb.jpeg
1 ýyl ozal
Gazagystan Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ýük daşamagyň wagtyny gysgaldýar

Gazagystanyň Parlamentiniň mejlisi Azerbaýjanyň üsti Türkiýä ýük daşamagyň wagtyny azaltmak baradaky şertnamany tassyklady.

165d827c682462.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz nesihat duşuşygy 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegine, türkmen halkynyň Milli Lideriniň — Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerini ýol-ýörelge edinýän ýaşlaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy. Bu ýerde ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmakda öňde goýlan maksatlara hem giň orun berildi.

165d82615d5d9e.jpeg
1 ýyl ozal
"Deňiz söwda floty" ÝGPJ nebit önümlerini daşaýan gämi üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

"Deňiz söwda floty" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Bitarap” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämi üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

165d730599a033.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanylan üstünlikler BMG-niň Ženewadaky ofisinde tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy «Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-nyň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy» atly maslahatlaşmada çykyş etdi.

165d701f0118fc.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýükleri gatnatmak hyzmatyny hödürleýär

Häzirki wagtda az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.

165d6e4e53c818.jpeg
1 ýyl ozal
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda täze mümkinçilikleri açýan taslama işe girizilýär

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) “Sanly Çözgüt” kompaniýasy we “Sanly Bilim” bilim merkezi bilen bilelikde telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany işe girizýär. “Zenanlaryň arasynda “Salesforce” işläp taýýarlaýjylar üçin okuw kursy” diýlip atlandyrylýan bu taslama maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda zenanlaryň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini ösdürmegi maksat edinýär.

165d6d3597ac21.jpeg
1 ýyl ozal
Geçen ýyl Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $563 milliondan geçdi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2023-nji ýylda 563,06 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 28 göterim ýokarydyr. Bu barada Gazagystanyň Milli statistika býurosy penşenbe güni habar berdi. 

165d6d203c9b15.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan bilen Gazagystan Azerbaýjanyň üsti arkaly nebit eksportyny artdyrdy

Türkmenistan bilen Gazagystandan şu ýylyň ýanwar aýynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy mukdary 17,3 göterim artdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.