Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
«Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ Hytaýyň eksport-import otlylaryny Türkmenistanyň çäginden geçirýär
Konteýner daşamagyň milli operatory hökmünde «Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi» AGPJ (TULM), beýleki operatorlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, hyzmatlaryň ýokary hilini we ygtybarlylygyny üpjün edýän köp ugurlar boýunça demirýol konteýner ýük daşamalaryny üstünlikli amala aşyrýar.
Türkmenistanda “Bir penjire” ulgamy arkaly 20 müňden gowrak arza tabşyryldy
Ulgamda 16 sany ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 22 sany düzüm birlikleri işleýär.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi bäsleşik yglan edýär
«Türkmenawtoulaglary» agentligi awtoulag serişdeleriniň hereketlendiriji we herekete geçiriji ýaglaryny satyn almak üçin bäsleşik yglan edýär
Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärleri okuwa çagyrýar
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebi 2024/ 2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
Beýik özgertmeleriň ýoly bilen
Ata Watanymyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň baş maksadydyr. Giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkara abraýyny pugtalandyrmak bu syýasatyň esasy ugurlarydyr.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi S.Pälwanow bilen halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa Komissarynyň kabinetiniň başlygy Taneli Lahtiniň arasynda resmi däl duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanda serwer, maglumat saklaýjy enjamlar öndüriler
Geljekde serwer enjamlaryna abatlaýyş, tehniki goldaw bermek işlerini hem-de “akylly” öý ulgamlary üçin zerur bolan enjamlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi "Sarahs" ýörite ykdysady zolagyna baryp gördi
Golaýda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we onuň ýanyndaky wekiliýet Sarahs ýörite ykdysady zolagy bolan “Paýane” serhetýaka ýük ulag terminaly we gümrükhanasy, şeýle hem Türkmenistan bilen bilelikdäki serhetde ýerleşýän “Dostluk” bendi bilen ýerinde tanyşlygy amala aşyrdy. Bu barada Eýranyň diplomatik wekilhanasynda habar berdiler.
Tehnologiýa ösüşiniň ykdysady-durmuş şertlerine täsiri
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarpyndan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2025-nji ýyla çenli döwür üçin Konsepsiýasynda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek we olaryň gerimine laýyk gelýän infrastrukturany döretmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.