Ulag ulgamy — ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

01-11-24

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny we infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam eder.

Döwlet hem halkara ähmiýetli ýollaryň gurlup ulanmaga berilmegi bilen bir hatarda, welaýat, etrabara derejedäki ýollaryň gurulmagy babatda-da netijeli işler alnyp barylýar. Çünki döwletimiziň halk hojalyk toplumynyň okgunly ösüşi netijeli hereket edýän ulag düzümi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýollaryň giň gerimli gurluşygy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň döredilmegine, welaýatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň amatly bolmagyna, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr awtoulag akymlarynyň artmagyna ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda howa ulagynyň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy enjamlar ornaşdyrylan täze howa menzilleri gurlup ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda geçirijilik mümkinçiligi sagatda 1600 ýolagça deň bolan Aşgabadyň Halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherleriniň Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň ösüşinde möhüm waka boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak üçin ulag-kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Ulagyň bu görnüşi uzak aralyga köp möçberde ýük daşamakda esasy orny eýeleýär. Ulagyň bu görnüşini ösdürmegiň strategiýasy dolandyryşyň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmaga, serişdeler binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga we hereket edýän düzümleri netijeli ulanmaga, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmäge, olaryň howpsuzlygyny, işgärler üçin talabalaýyk iş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Uzen — Bereket — Gürgen, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýol taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi we olaryň goňşy döwletleriň demir ýol ulgamlaryna birikdirilmegi üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmaga, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenistanyň ornuny berkitmäge şert döretdi. 

Beýleki Hazarýaka döwletler bilen bir hatarda, Türkmenistan hem halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, söwda ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň çäklerinde milli deňiz flotunyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly üns berýär. Soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmalary boýunça döwrebap tankerler, täjirçilik maksatly gämiler guruldy hem-de ulanmaga berildi. Olaryň häzirki zaman talaplaryna laýyklygy, innowasion enjamlary deňiz ulagy boýunça ýük daşamalaryň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýär.

Ulag ulgamyny ösdürmegiň, ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenendir. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, degişli düzümleri döretmek, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmek hem-de strategik maksatlaryň uly toplumyna ýetmek wezipeleri göz öňünde tutulýar. Döwletimiziň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak arkaly, birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlary döretmek-de onuň esasy wezipeleriniň biridir.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze dereje bermäge gönükdirilen birnäçe Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnama hem bar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Şeýle hem pudaklaýyn maslahatlar yzygiderli guralýar.

Goňşy ýurduň awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bu ugurda gatnaşyklary berkitmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň maýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli uzynlygy 242 kilometr bolan awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşygyň gazanylandygy bellenildi we eýran kompaniýalaryna bu taslama gatnaşmak teklip edildi. Şeýle hem geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda bu awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ulag ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we netijeli dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ykdysadyýeti durnukly we okgunly ösdürmegi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Garýagdy ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kärhananyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy. 

169cca6530dddb.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň portlary Hazar sebitinde ulag-logistika ugurlaryny ösdürmegi meýilleşdirýärler

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ýolbaşçylary Gazagystana iş saparynyň çäklerinde ýurduň Aktau we Kuryk portlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-logistika ugurlaryny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň resmi metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.


169cca7441b1da.jpeg
Türkmenistan bilen GIZ Transhazar geçelgesi boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen Türkmenistandaky Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) utgaşdyryjysy Ýoahim Frits 2024-nji ýylyň mart aýynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama üýtgetmeler girizmek hakynda teswirnama gol çekdi. Resminama Türkmenistanda Transhazar ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmegi göz öňünde tutýar.


169cd3d8018aaf.jpeg
Ulag ulgamynyň bilim binýady kämilleşýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at — myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda döwrebap taslamalar, giň möçberli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Biz muny ýurdumyzyň gülleýän keşbinde, berkarar döwletimiziň ykdysady pudaklarynyň özgerişinde aýdyň görýäris. Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilmegi hem täze mümkinçilikleri açýar.


169cca5d1d8285.jpeg
Türkmenistan we ÝB Türkmenbaşy portunyň Transhazar geçelgesindäki ornuny berkitmegi maslahatlaşdylar

Türkmenbaşy halkara deňiz portunda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň we portuň ýolbaşçy düzümi Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça bölüminiň başlygy Şarlotta Adrianyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen 2026-njy ýylyň 27-nji martynda duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we bu ugurda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň strategiki ornuny has-da berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


169cca1c76b82c.jpeg
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek bellenildi

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.