Habarlar / TÄZELIKLER
TÄZELIKLER
166cebdcbce56d.jpeg
1 ýyl ozal
Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalynyň amatly hyzmatlary

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly internet mümkinçilikleriň giňeldilmeginiň hasabyna jemgyýetiň sanlylaşdyrylmagyna işjeň ýardam edýär. Portalda hasaba alynmak ulanyjylara diňe bir hyzmatlara elýeterlilik bermän, eýsem-de, döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kämilleşdirýär.

166cd88715721a.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Gazagystan iki ýurduň arasynda ýük daşamak üçin rugsatnama bermek talaplaryny ýatyrar

«Kazinform»-yň Açyk Kadalaşdyrjy hukuk namalarynyň gazak saýtynda neşir edilen resminamasyna esaslanyp berýän habaryna görä, döwletleriň arasynda awtoulag serişdeleri arkaly ýük daşalyşlary we olaryň çäginde üstaşyr geçirilişi rugsatnamasyz amala aşyryljakdygy bellenilýär. Häzirki wagtda üýtgetmeler açyk garama tapgyrynda bolup, ol 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda tamamlanar.

166cd7b7a99ac5.jpeg
1 ýyl ozal
«Türkmentelekom» EAK-nyň «Internet kafe» nokatlarynyň birnäçesi paýtagtymyzda halkymyza hyzmat edýär

Häzirki tehnologiýanyň ösen döwründe ilatymyz internet torunyň çäksiz hyzmatlaryndan peýdalanyp, özbaşdak maglumat ummanyna aralaşyp bilýär. Muňa garamazdan Internet kafeleri halk köpçüliginiň arasynda ähmiýetini we zerurlygyny saklap gelýär. Çünki, Internet kafeleri diňe bir maglumat ummany bolman, eýsem medeniýetli dynç almagyň bir görnüşi bolup halkymyza hyzmat edýär.

166cd79eea7bd3.jpeg
1 ýyl ozal
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody hyzmatlarynyň germini giňeldýär

Gämi gurluşygy we gämi abatlamak pudagyndaky üstünlikleri bilen tanalýan “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody ösmegini dowam etdirýär. Zawodyň esasy ýerine ýetirýän işinde täze bir hyzmat goşuldy – anketalaryň, tekstleriň, deklarasiýalaryň we dürli dillerdäki resminamalaryň terjimesi hyzmaty.

166cc0db4465d3.jpeg
1 ýyl ozal
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ​​​​​​​44-nji «Parahat - Gurtly» gatnaw awtobusyň ugry birtaraplaýyn üýtgediljekdigi barada habar berýär

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak, maksady bilen, 2024-nji ýylyň 28-nji awgustyndan 44-nji «Parahat – Gurtly» awtobus öz uguruny uytgetjekdigini we Aşgabatdaky «Aşgabat» söwda dynç alyş merkezine gatnawy birtaraplaýyn amala aşyrjakdygyny mälim edýär.

166cc0c599ab35.jpeg
1 ýyl ozal
“Demirýollary” AGPJ demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti demirýollaryň ýokarky gurluşy üçin materiallary satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-043 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär:

166cc0a439e785.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Aşgabat şäheriniň “Altyn kölüniň” töwereginde ýerleşýän bag nahallara ideg etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

166cc094857dc7.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan we Pakistan ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň ýolbaşçysy Farruk Şahzad Raonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

166cc10fe804c0.jpeg
1 ýyl ozal
Lebapda ýolagçy awtobuslary üçin sürüjileriň iş orunlary açyldy

"Türkmenawtoulaglary" agentliginiň düzümine girýän "Lebapawtoulag" önümçilik birleşigi Lebap welaýatynda ýolagçy awtobuslaryny dolandyrmak üçin "D" derejeli sürüjileri işe alýandygy barada yglan etdi.

166c81ed6326e5.png
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.