Habarlar
Habarlar
168e6014267492.jpeg
10 aý ozal
Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde söwdany ýeňilleşdirmek boýunça okuw geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Bütindünýä söwda guramasynyň söwdany ýeňilleşdirmek Ylalaşygy: toparlara bölmek we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek atly okuw geçirildi.

168e49e0039796.jpeg
10 aý ozal
Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri Abu-Dabide “Global Rail” halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşdy

30-njy sentýabrdan oktýabr aýynyň 4-i aralygynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherinde “Global Rail” halkara sergisiniň we maslahatynyň işine gatnaşmak üçin iş saparynda boldy we bu serginiň halkara taslamalary pawilionynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi öz halkara taslamalaryny we ulag ulgamynyň şekil taslamalary bilen tanyşdyrdy.

168e5ff6cadbf7.jpeg
10 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary

7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

168e5f577efc73.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

168e49c3aece19.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy

Geçen hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa Ösüş Bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory  Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi.

168e5f042ed372.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrini kabul etdi

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi.

168e4e349af859.jpeg
10 aý ozal
Syýahatçylyk — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Häzirki döwürde Diýarymyzda köpugurly ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilip, medeni-durmuş maksatly desgalar gurulýar, şol sanda dynç almak, syýahat etmek üçin giň gerimli mümkinçilikler açylýar. Halkymyzyň gadymyýetden şu güne uzaýan şöhratly taryhynyň şaýady bolan milli medeni ýadygärliklerimiz we olardaky tapyndylar çuňňur öwrenilýär, bu gymmatlyklar dünýä alymlarynyň, jahankeşdeleriň ünsüni çekýär.

168e4978fbd26e.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň döredijilikli başlangyçlary — adalatly, deňagramly we inklýuziw halkara ösüş ulgamynyň kemala gelmegine möhüm goşant

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde çykyş edip, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmagyň ýurdumyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

168e49459ae2eb.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

6-njy oktýabrda — Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.

168e206ed68678.jpeg
10 aý ozal
MASLAHAT GEÇIRILDI

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Ulag we aragatnaşyk toplumynda alnyp barylan işlere bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.