Habarlar
Habarlar
1689eb6c6453fe.jpeg
10 aý ozal
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminama bolup, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýär.

1689d6e9e21ea8.jpeg
10 aý ozal
Türkmen-eýran Sarahs serhedinde iki sany täze demir ýol geçelgesini gurmak meýilleşdirilýär

Türkmenistan bilen Eýran Sarahs serhedinde demir ýol ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak üçin iki sany täze demir ýol geçelgesini gurmak meýilleşdirýär. Bu barada Eýranyň Demir ýol edarasynyň ýolbaşçysy Jabbar Ali Zakeri, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mammet Akmammedow bilen geçiren duşuşygyndan soň mälim etdi.

1689d6b7247d1a.jpeg
10 aý ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazan we Jidda şäherlerine uçuş sanyny artdyrýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabr aýyndan başlap, Kazan we Jidda ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň sany artdyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi metbugat gullugy habar berýär.

1689d71a2987ce.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan sebitde howa gatnawyny giňeltmek boýunça gepleşiklere gatnaşýar

Astanada Merkezi Aziýa ýurtarynyň we Hytaýyň raýat awiasiýasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň Ikinji maslahaty geçýär. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň awiasiýa edaralarynyň, awiakompaniýalarynyň we howa menzilleriniň wekilleri bar.

1689d6a116c9b6.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistan bilen Pakistan söwda we ulag mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi Atajan Möwlamow duşenbe güni Yslamabatda Pakistanyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar işewürlik üçin amatly şertleri döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.

1689d669e4f1bd.jpeg
10 aý ozal
Hereketleriň Awaza maksatnamasy — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň «Ýol kartasy»

2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletiň ösüş maksatlaryny goldamak boýunça ählumumy borçnamalaryň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşidir.

1689c130a75fb6.jpeg
10 aý ozal
ÝÖB: Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag ulgamyna $5,3 milliard maýa goýdy

2025-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag ulgamynyň ösüşine goýan maýa goýumlarynyň möçberi 5,3 milliard ABŞ dollara ýetdi. Bu barada Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) habar berýär.

1689eb5454c439.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlaglary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Li Çže Mýony we ýurduň ähli halkyna Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş gününiň 80 ýyllygy hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

1689d690ecbe37.jpeg
10 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife hem-de ýurduň ähli halkyna Pakistan Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

1689d80a28acad.jpeg
10 aý ozal
“Starlink” Gazagystanda ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlady

Amerikanyň awiakosmos kompaniýasy “SpaceX”-iň bölümi bolan “Starlink” kompaniýasy Gazagystanyň çäginde ýörite internet hyzmatlaryny bermäge başlaýar, diýip Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we awiakosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.