Habarlar
Habarlar
167a046bd39954.jpeg
5 aý ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

16798a51f07f4b.jpeg
5 aý ozal
Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde intellektual ulag ulgamlary ornaşdyrylar

Ýewraziýa ykdysady bileleşigiň (ÝAYB) çäklerinde intellektual ulag ulgamlarynyň (IUU) ornaşdyrylmagy meýilleşdirilýär, bu hem daşaýjylar üçin bitewi maglumat giňişliginiň döredilmeginde möhüm ädim bolar.

1679b0ca08a0ff.jpeg
5 aý ozal
“Microsoft” kompaniýasy “TikTok” bilen gyzyklanýar

ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp jikme-jik maglumat bermezden, “Microsoft” korporasiýasynyň Hytaýyň “ByteDance” kompaniýasynyň Amerikadaky “Tiktok” düzüm birligini satyn almak boýunça gepleşikler geçirýändigini habar berdi. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

167a0444bb5fc1.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

31-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

16798a4928f36e.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan bilen Ýaponiýa ulag we energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrar

2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna bolsa Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Işikawa Masaki başlyklyk etdi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

16799bbd7673a0.jpeg
5 aý ozal
Hazar deňzi boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk kabeli çekiler

Hazar deňziniň aşagyndan optiki-süýümli aragatnaşyk kabelini geçirmek boýunça gurluşyk işlerine 2025-nji ýylda girişiler. Bu barada Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow habar berdi.

1679c4e408131c.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.

16798a27e963b7.jpeg
5 aý ozal
Geçen ýyl Türkmenistanyň we Hytaýyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $10,6 milliard boldy

2024-nji ýylda Türkmenistanyň bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 10,6 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

16798aa7222fb2.jpeg
5 aý ozal
Hytaýyň “DeepSeek” emeli intellekt modeli täzelik döretdi

Hytaýyň öňdebaryjy emeli intellekt kompaniýasy “DeepSeek”, R1 atly täze emeli intellekt modelini tanyşdyrdy. Bu model, dünýäde giňden ulanylýan “OpenAI”-nyň “ChatGPT” modeline meňzeş ukyplara eýe bolup, has arzan bahadan hyzmat edýär. “DeepSeek”-iň bu täze modeli emeli intellekt ulgamynda ýene bir uly ädim hökmünde kesgitlenýär.

16798a8b76e12c.jpeg
5 aý ozal
Natilus garyşyk ganatly uçary Boeing we Airbus-a garşy çykmana taýýar

Kaliforniýadaky Natilus atly aerokosmos başlangyjy Airbus we Boeing ýaly güýçli bäsdeşlerine garşy durup, Horizon atly garyşyk ganatly ýolagçy uçarynyň taslamasyny hödürledi. Ony täze diýip atlandyrmak ulaldylan bolar, sebäbi bu pikir geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan bäri bardy we 70-nji ýyllarda ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň B-1 Lancer atly strategik bomba atyjy uçarynda bölekleýin ulanylypdy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.