Syýahatçylyk — döwlet syýasatynyň möhüm ugry

07-10-25

Häzirki döwürde Diýarymyzda köpugurly ösüş maksatnamalary durmuşa geçirilip, medeni-durmuş maksatly desgalar gurulýar, şol sanda dynç almak, syýahat etmek üçin giň gerimli mümkinçilikler açylýar. Halkymyzyň gadymyýetden şu güne uzaýan şöhratly taryhynyň şaýady bolan milli medeni ýadygärliklerimiz we olardaky tapyndylar çuňňur öwrenilýär, bu gymmatlyklar dünýä alymlarynyň, jahankeşdeleriň ünsüni çekýär. Bu ugurdaky işleriň ählisi ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen tassyklanan «Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» ýurdumyzyň baý mazmunly taryhy gymmatlyklarynyň dünýä ýüzünde giňden ýaýbaňlandyrylmagynda möhüm orny eýeleýär. Onda toplumlaýyn wezipeler kesgitlenip, ýurdumyza dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylary çekmegiň derwaýys ugurlary beýan edilýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň bu pudagy netijeli ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtamak gerek.

Ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynda hem-de kanunçylykda döwlet düzgünleşdirmesiniň ýörelgeleri — syýahatçylyk işine ýardam etmek we halkara hem içerki syýahatçylygyň ösmegi üçin amatly şertleri döretmek; Türkmenistan hakynda syýahatçylygy ösdürmek üçin amatly ýurt hökmündäki düşünjäni kemala getirmek; Türkmenistanyň çäginde syýahatçylygyň durnukly ösüşini üpjün etmek; içerki syýahatçylyk baýlyklaryny meşhur etmek; bu babatdaky kiçi we orta telekeçiligi ileri tutup goldamak ýaly wezipeler kesgitlenilýär. Bu işde ileri tutulýan ugurlarda adamlaryň boş wagtyny rejeli peýdalanmagyny guramak bilen, syýahatçylygyň elýeterliligi üçin amatly şertler döreýär. Syýahatçylygyň ösüşi täze iş orunlaryny döretmäge, syýahatçylaryň wagtlaýyn bolýan ýerlerinde ýaşaýan ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga oňaýly täsir edýär.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk baýlyklarynyň hatarynda aýratyn goralýan tebigy ýerlerdäki, şeýle hem taryhy, durmuş-medeni, sagaldyş, şonuň ýaly-da, syýahatçylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrmaga, saglygyny dikeltmäge ýardam etmäge ukyply beýleki desgalary görkezmek bolar. Ýurdumyz tebigy baýlyklara we gözel ýerlere, taryhy, etnografik we durmuş-medeni gymmatlyklara örän baýdyr. Munuň şeýledigini Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň netijeleri hem doly tassyklaýar. «Gadymy Merwiň», «Köneürgenjiň», «Nusaýyň» taryhy-medeni goraghanalarynyň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetiniň taryhyna, gadymy topragyň geçmişine, häzirki döwrüne dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda syýahatçylygyň ösmegini şertlendirýär.

Ýeri gelende bellesek, syýahatçylykda ýurdumyzyň muzeýleriniň, aýratyn-da, Döwlet muzeýiniň, welaýatlardaky muzeýleriň, kitaphanalaryň ähmiýeti hem örän uludyr. Çünki taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerinde saklanýan gymmatlyklar ýurdumyz baradaky garaýyşlaryň kämilleşmegine ýardam edýär, ýurduň medeni aň-bilim gurşawy bilen tanyşmaga, milli medeniýetiň kemala gelmeginde aýratyn orun tutýan gymmatlyklara üns bermäge şert döredýär.

Diýarymyzda syýahatçylygy döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmek maksady bilen, aýratyn-da, soňky ýyllarda köp sanly işler durmuşa geçirildi. Munuň şeýledigine ýurdumyza gyzyklanma bildirýän, dürli taryhy-medeni ýadygärliklerimize syýahat edýän jahankeşdeleriň ýylsaýyn artmaýndygy hem güwä geçýär. Syýahatçylaryň ýurdumyza berýän ýokary bahasy Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň hem yzygiderli artmagyna ýardam berýär.

Döwletmyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

16a85431de0068.jpeg
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.


16a853c5d3bad1.jpeg
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.


16a853467d81f3.png
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.


16a85334b753b5.png
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.


16a8531f1c1a51.jpeg
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar

Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.