Habarlar
Habarlar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
31-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
31-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna degişli garaýyşlaryny beýan etdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna taýýarlyk işlerini dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýokarda agzalan sessiýa öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy.
Okuw merkeziniň işgärleri Bütindünýä gümrük guramasynyň CLiKC! Okuw platformasynyň işi boýunça tejribe alyşdylar
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň hünärmenleriniň Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň Akademiýasynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň depginli we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döreder
Azerbaýjan, Özbegistan we Türkmenistan durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny ösdürmek maksady bilen bilelikdäki lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Laziz Kudratow 22-nji awgustda Awazada geçirilen “Türkmenistan–Azerbaýjan–Özbegistan” üçtaraplaýyn duşuşygynyň çäklerinde “Özbegistan-24” teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.
Türkmenistan daşary işler ministri Moskwada rus kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Moskwada rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşikler geçirdi. Duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bagyşlandy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň DIM-i gepleşikleriň netijesi boýunça bilelikdäki metbugat beýanatynda habar berdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady
Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.