Habarlar
Habarlar
Parahatçylyk we ynanyşmak — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň berk binýady
Şu ýyl her bir türkmenistanly üçin mukaddes hasaplanýan şanly senä — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalaryň biri boldy.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň çägindäki uçuşlaryň tertibini täzeledi
“Türkmenistan” awiakompaniýasy ýurduň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aşgabatda döwrebap “Toyota” satuw we hyzmat merkezi gurulýar
Aşgabatda halkara düzgünlerine we brendiň korporatiw standartlaryna laýyklykda “Toyota” awtoulaglarynyň satuw we satuwdan soňky hyzmat merkeziniň gurluşygy başlandy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Ýaponiyadaky Ilçihanasy habar berdi.
Eýranyň Buhara ugry boýunça ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan üstaşyr geçdi
Eýrandan ugrap, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçen ilkinji ýük otlusy Özbegistanyň Buhara şäherine baryp ýetdi. Bu barada IRNA agentligi duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna
Paýtagtymyzyň köçelerinde hereket edýän awtoulaglaryň gatnaw ýygylygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, ýagny 8 – 12-nji dekabry aralygynda Garaşsyzlyk şaýolunda, Bitarap Türkmenistan şaýolunda we Türkmenbaşy şaýolunda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklediriljekdigini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
Häzirki wagtda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän möhüm durmuş-ykdysady özgertmeler medeni syýasata hem oňyn täsirini ýetirýär. Şunda jemgyýetçilik durmuşynyň döredijilik we bilim-terbiýe ýaly esasy ulgamlaryndan başlap, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna çenli aýratyn üns berilýär.
OKUW MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde Demirýolçularyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işewürleri bilen 1-5-nji dekabr aralygynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň döwrebap wezipeleri» atly okuw maslahaty öz işine başlady.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.