Habarlar
Habarlar
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna (2025-nji ýyl), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Aşgabat Jarnamasy
Döwletleriň özygtyýarlylyk babatdaky deňligini, çäk bitewüligine hormat goýmagy, içerki işlere gatyşmazlygy we dawalary parahatçylykly ýol bilen çözmegi öz içine alýan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň häzirki zaman halkara gün tertibiniň esasy ýörelgeleri we berk binýady bolan maksatlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlylygymyzy tassyklap,
“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öndüriji zawodlaryň arasynda ýük wagonlary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-048 belgili açyk görnüşli halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabat Jarnamasy — parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bitaraplygyň ählumumy arhitekturasy
12-nji dekabrda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy XXI asyrda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollaryny kesgitleýän strategik resminamadyr.
Hormatly Prezidentimiz bilimde we sportda tapawutlanan raýatlary sylaglamak dabarasyna gatnaşdy
15-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy.
Parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesi
Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny uludan toýlady. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasat ugruna yzygiderli eýerýär.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi halkara sergä gatnaşdy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan giň gerimli sergi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem gatnaşdy.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti
Paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.