Habarlar
Habarlar
1694a2d64a895f.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan bilen Ýaponiýa göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada şenbe güni Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çap edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen sammitiň jemleri baradaky Bilelikdäki metbugat beýanatynda habar berilýär.

1694a2cc8ea726.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistan Ýokohama şäherinde geçiriljek “GREENxEXPO 2027” halkara sergisine gatnaşar

Türkmenistan Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde geçiriljek “GREENxEXPO 2027” halkara sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada şenbe güni Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çap edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen sammitiň jemleri baradaky Bilelikdäki metbugat beýanatynda habar berilýär. 

16948e9dc15eb1.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

16946455842dd7.jpeg
5 aý ozal
TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

Mälim bolşy ýaly, ýakynda parahat ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Bu baýramyň öňüsyrasynda  hormatly Prezidentimiziň  täze neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitaby şanly baýrama uly sowgat boldy.

169464b2b0de0e.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy

Sizi — biziň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlarymyz bolan öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini tüýs ýürekden mübärekleýärin. Bu kompaniýalar bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar.

16946475fb15f5.jpeg
5 aý ozal
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginde Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

1694649d02dbaa.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

16946492d8bb9e.jpeg
5 aý ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy

19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy.

1694390c4cf7dd.jpeg
5 aý ozal
Özbegistan Türkmenbaşy porty arkaly Ýewropa ýük konteýneri gatnawyny ýola goýdy

“Uztemirýulkonteýner” paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylda Özbegistandan Ýewropa ýurtlaryna Türkmenistanyň Türkmenbaşy porty arkaly yzygiderli ýük konteýner gatnawlaryny ýola goýdy. Bu barada “Uztemirýulkonteýner” kompaniýasy duşenbe güni habar berdi.

1694390080145d.jpeg
5 aý ozal
Belarus Türkmenistandan üstaşyr Eýrana tizleşdirilen konteýner otlusyny işe girizdi

Belarus Respublikasynyň “Beltamožservis” döwlet kärhanasy ýükleri Eýran Yslam Respublikasyna eksport etmek maksady bilen Türkmenistanyň çäginden geçýän täze tizleşdirilen demir ýol ugruny işe girizdi. Bu barada Belarusyň STV teleýaýlymy sişenbe güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.