Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
9-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ilkinji gezek geçirilýän mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi ygtyýarnama bermek baradaky arzalary kabul edip başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran karary bilen tassyklanan, Awtomobil ulagynda daşamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama laýyklykda pudaklaýyn kadalaşdyryjy hukuknamalaryň kabul edilmegi, aýratyn-da fiziki we ýuridik şahslaryň bellenen görnüşdäki Ygtyýarnamany bermek hakynda arzalaryny aragatnaşyk ulgamy arkaly ugratmak tertibini kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär.
Türkmenistan ählumumy ulag ulgamyndaky başlangyçlaryň esasy inisiatory hökmündäki ornuny berkidýär
Türkmenistan ählumumy ulag ulgamyndaky başlangyçlaryň esasy inisiatory hökmündäki ornuny berkidýär. Ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen döwletiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2026 – 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny yglan edýän taryhy Kararnamany kabul etdi.
Eýran “Demirgazyk–Günorta”, “Gündogar–Günbatar” ulag geçelgeleriniň strategik ähmiýetini belledi
“Demirgazyk–Günorta” hem-de “Gündogar–Günbatar” halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi Eýran üçin strategik ähmiýete eýedir. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Tähran şäherinde demir ýol infrastrukturasyna bagyşlanan duşuşykda belläp geçdi, diýip "Trend" agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Mahaçkala porty Transhazar ýük daşamalary boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmekçi
Mahaçkala deňiz söwda porty 2026-njy ýylda Türkmenistan, Gazagystan we Gyrgyzstan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, Hytaýdan gelýän ýükleri Transhazar ulag geçelgesi arkaly geçirmek maksady bilen çäreleri amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Mahaçkala deňiz söwda porty ýekşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanda awtoulag bilen ýük daşamalary üçin ygtyýarnama alynmagy ýeňilleşdirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awtomobil ulagynda daşamak işini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnamany tassyklamak barada Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi duşenbe güni habar berdi.
Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň çäginden üstaşyr 19 müň konteýner ýük daşaldy
2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň çäginden jemi 19 müň sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi sişenbe güni habar berdi.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat–Abu-Dabi–Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawyny girizýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça goşmaça howa gatnawyny girizip, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny artdyrýar. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berilýär.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.