Habarlar
Habarlar
«SAGDYNLYGYŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ ÝURDY»
Ýaşaýşyň gözelligi, asudalygy, bagtyýarlygy saglykdan başlanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi – sagdyn durmuş ýörelgesi ýurdumyzyň milli ösüş tapgyrynyň – täze zamanasynyň ruhuna laýyklykda gün-günden pajarlap ösýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27-nji sentýabrda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Bu şanly sene döredijilik, öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň taryhynda täze bir sahypany açýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly özgertmeleriň nyşany bolan ajaýyp binalar toplumyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
«SAGDYN JEMGYÝET SAGDYN DÖWLETIŇ ÖZENIDIR»
«Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi. Döwlet öz raýatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda alada edýär. Çünki saglyk bolan ýerde, ösüşem bar, üstünliklerem gazanylýar.
Urgenç şäherinde gümrük statistiki maglumatlary deňeşdirmek maksady bilen türkmen-özbek iş duşuşygy geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Urgenç şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky daşary söwdanyň statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça iş duşuşygyny geçirmek.
Türkmenistanda Maglumat tehnologiýalary babatda Startap bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly Maglumat tehnologiýalary babatda startap bäsleşiginiň geçirilýändigini barada habar berdi. Bäsleşik ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler
Ýakyn wagtda Aşgabatda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu barada penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa hasabat berdi.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar
Şu günler mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň günsaýyn kämilleşýändigi, ösýändigi, özgerýändigi, biz, aragatnaşyk pudagynyň hünärmenlerini buýsandyrýar we guwandyrýar. Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeler bolsa ýurdumyzy sebitiň möhüm aragatnaşyk merkezine öwürýär.
JEMGYÝETIMIZIŇ MIZEMEZ BINÝADY MAŞGALANYŇ SAGDYNLYGYDYR
Parasatly türkmen halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk, ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Bar zadyň sakasy saglyk», diýen paýhasly sözleriň döremegi munuň şeýledigini subut edýär.
Türkmenistan “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” forumyny geçirmegi hödürledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy geçirmegi hem-de Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.