Habarlar
Habarlar

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

TÜRKMENIŇ TEBIGATY – TÄSINLIKLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär.

TÜRKMENIŇ BUÝSANJY GÖZEL AŞGABAT
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz rowaçlyklara beslenýär. Beýik ösüşleriň ýolundan ynamly öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli, netijeli işler halkymyzyň geljegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzy ösdürmegiň barşynda birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGY WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK UGRUNDA ÜSTÜNLIKLI TAGALLALAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berlip, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bellenen maksatnamalar hem-de bu ugurdaky meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

ÝURDUMYZYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK ÝÖRELGELERI DÜNÝÄ NUSGADYR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk ösüş ýolunyň beýikligini, dünýä derejeli şan-şöhratyny gaýtadan ýüze çykaran buýsançly zamanadyr. Bu döwürde döwlet durmuşynda-da, jemgyýetçilik durmuşynda-da belent üstünlikler gazanylýar. Durmuşyň özgerýän şertleri adamlaryň aň-düşünjesine, garaýyşlaryna belli bir derejede täsir edýär.

ADAMZAT DÜNÝÄSINI YLYM BEZEÝÄR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegidir
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha artýar. Hemişelik Bitarap döwletimiziň öňe süren başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi dünýä ýüzünde ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmek ugrundaky tagallalarymyzyň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.

SANLY BILIM ULGAMY – DÖWREBAP ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Parahatçylyga barýan aýdyň ýollar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz dünýä ýurtlary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Şunda hoşniýetlilik ýörelgesine, oňyn Bitaraplyk syýasatyna uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly ajaýyp eserinde görmek bolýar. Bu nusgalyk kitapda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýoly, hoşniýetlilik ýörelgesi hakynda giňişleýin, ylym esasda beýan edilýär.

Türkmen diplomatiýasynyň möhüm üstünligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Dünýäniň bu belent ynamy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda has-da pugtalandyrylýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.