Habarlar
Habarlar
164def67a1b3f8.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýaşlary «Sanly çözgüt-2023» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmak maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Sanly çözgüt – 2023» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşigi açyk diýlip yglan edildi.

164df008d7dccb.jpeg
3 ýyl ozal
«071» gullugy - gije-gündiziň dowamynda aragatnaşyk hyzmatlary barada dessine jogap alyň!

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan sanly ulgamda täze hyzmatlary, amatlyklary, ýeňillikleri döretmek maksady bilen sanly hyzmatlar ýola goýulýar. Döwrüň talabyna laýyk gelýän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny has-da ýeňilleşdirýän aragatnaşyk ulgamynyň dürli hyzmatlary halkymyza hödürlenýär.

164defe00d52d3.jpeg
3 ýyl ozal
Türkmenistanyň milli floty daşary ýurt gämilerine ýangyç guýmak hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanyň deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna gelýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýmak hyzmatlaryny hödürleýär.

164df053e86db5.jpeg
3 ýyl ozal
YHLAS BILEN BIR KÄMILE GOL BERSEŇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halypa-şägirt ýoluny ösdürmegiň ähmiýeti bimöçberdir. Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir.

164defcce41806.jpeg
3 ýyl ozal
Duşenbe sammitinde gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça möhüm resminamalara gol çekiler

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy 14-15-nji sentýabr günleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin mälim etdi diýip, «Sputnik» habar berýär.

164eaff6eb5e24.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy.

164defbd7aa87b.jpeg
3 ýyl ozal
«Türkmenpoçta» çaparçylyk hyzmatynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýollamalary «gapydan-gapa» eltip bermek hyzmatyny amala aşyryp, bu hyzmaty ýurduň iň uzak künjeklerine çenli ýetirýär.

164e5062640a08.jpeg
2 ýyl ozal
Parahatçylyk söýüjilik we döredijilik taglymatlaryny durmuşa geçirmegiň ýoly bilen

Geçen hepdede ýurdumyzyň durmuşy dürli wakalara beslendi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli özgertmeleri bilen birlikde, bu wakalar hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen aladasyna esaslanýar.

164defa8bd6d91.jpeg
3 ýyl ozal
Awgustyň başynda Türkmenabadyň howa menziline daşary ýurt awiakompaniýalarynyň 2 uçary tehniki gonuşlary ýerine ýetirdi

Awgust aýynyň başynda daşary ýurt kompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabat halkara howa menziline tehniki gonuşlary amala aşyrdylar.

164e5057e5a325.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.