Habarlar
Habarlar
«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri daýhanlara ýardam bererler
«Maryawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýakyndan ýardam berýärler. Kärhana boýunça ýük göterijiligi ýokary bolan 200 töweregi kuwwatly awtoulaglar öňde duran pagta ýygym möwsümine taýýarlanyldy. Häzirki wagtda şol awtoulaglara erk etjek sürüjiler we pagta ýygymyna gatnaşjak beýleki hünärmenler bilen ýangyn hem-de tehniki howpsuzlyk okuw sapaklary geçirilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Stambulda TDG-niň agza ýurtlarynyň ulag forumy geçer
13-14-nji sentýabrda Stambulda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza-ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda multimodal ýük gatnawlary we logistika boýunça forum geçer. Bu barada «Trend» guramanyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.
Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Russiýadan gelýän ilkinji ýük otlusy Türkmenistan bilen serhetdäki Inçe-Burun serhet geçelgesinden geçip, günortada Saud Arabystanyna barýan ýoldaky «Bandar-Abbasa» tarap ýola düşdi. Muny şenbe güni Golestan welaýatynyň gümrük müdirliginiň baş direktory Şahriýar Şahriýari mälim etdi diýip, «Mehr» habar gullugy habar berdi.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna!
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 68-nji «Bagyr — Altyn asyr gündogar bazary» ugrunyň üýtgedilýändigi barada habar berýär.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekerler
Türkmenistan, Gazagystandan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan gury ýer ulaglary boýunça ylalaşyga gol çekerler. Bu barada «KazTAG» tarapyndan habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystan Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky ylalaşyga gol çekmäge taýýarlanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi.
Türkmenistan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar
Ýurdumyzy depginli ösdürmek boýunça kabul edilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda yzygiderlilik, dünýäniň hemme ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän netijelilik hem-de uzak möhletlilik hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr.
«Russiýadan eltip bermek» kompaniýasy Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistanyň islendik şäherine haryt getirip bermegi guraýar
«Russiýadan eltip bermek» (Dostawka iz Rossii) logistika kompaniýasy Russiýa Federasiýasyndan Türkmenistana islendik harytlary amatly bahalardan eltip bermek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy
26-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
Astrahanyň «Beýik Pýoter» gämisi Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar
Astrahan sebitinde «Beýik Pýoter» atly häzirki zaman gämisiniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Ol 2024-nji ýylda Hazar deňzi boýunça syýahatçylyga başlar. Ýolagçylaryň syýahat etmegi üçin niýetlenen bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda-da durup geçer. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.