Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi
13-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi.
Türkmenistanyň Belgiýa bilen ulaglar arkaly eksporty 15 esse ýokarlandy
Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda umumy bahasy 2,33 million ýewro barabar bolan harytlary Belgiýa eksport etdi. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Statistika gullugynyň hasabatyna salgylanyp, «Trend» habar berýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki geçiş nokadyndan geçirijilik ukybyny 12 esse artdyrar
Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki «Temir-baba» geçiş nokadynda serhet geçelgelerini döwrebap;aşdyrmak boýunça işleriň başlanmagy sebäpli ulag serişdeleriniň geçirilişini çäklendirdi, ol 2024-nji ýylyň aýagyna çenli geçirijilik ukybynyň 8-12 esse artdyrylmagyny üpjün eder.
2023-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Açyk gapylar» hem-de daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär.
Halkara maliýe guramalary Türkmenistanda ulag taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar
Halkara banklar Türkmenistanda birnäçe ulag taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow şu ýylyň 3-4-nji maý aralygynda Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.
Owganystan sebitara gatnaşygyny ýokarlandyrmak üçin demir ýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär
Bu demir ýol ulgamy Gündogar Aziýany Eýran, Türkiýe we Ýewropa bilen birleşdirýän Owganystanyň dokuz welaýatynyň 37 sany etrabyndan geçer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler
10-njy maýda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmen hünärmenleri «Russiýanyň demir ýollarynyň» Korporatiw uniwersitetinde okuw geçerler
Türkmen hünärmenleri «Russiýanyň demir ýollarynyň» (РЖД) Korporatiw uniwersitetinde okuw geçerler – diýip, TASS habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.