Habarlar
Habarlar
16456afb0b5acf.jpeg
2 ýyl ozal
Döwlet Baştutanymyz Patyşa Karl III Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy

6-njy maýda Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.

164534560a1716.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygy uly depginde alnyp barylýar

Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky känlerde 12 sany daş owradyjy zawod işleýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

16456aed5e1519.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy

5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.

164534380f03ad.jpeg
2 ýyl ozal
Aşgabatdan Türkmenabada uzaýan awtobanyň ugrunda kuwwatly köprüleriň birnäçesi gurulýar

«Türkmenistan» gazetinde şu gün çap edilen makalada Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan köprüler barada maglumat berildi.

164548ebf0fcaa.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.

1645341a00fe0f.jpeg
2 ýyl ozal
Ýurdumyzda giň möçberli pudaklaýyn maslahat hem-de sergi geçirilýär

3-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

164548c7630a04.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16451eac7adc9c.jpeg
2 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara gutlagy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylary gutlady

16451f4113e93d.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy

Gazagystanyň Almata şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) demir ýol we multimodal ýük daşamalarda sanly özgertmeler, şeýle-de Demirgazyk we Merkezi Aziýada ýerüsti ulaglarda ýük gatnawlaryny ösdürmek boýunça Bilermenler toparynyň ikinji ýygnagy geçirildi. Gibrid görnüşde geçirilen ýygnaga türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

164533f6e11c2f.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, şeýle hem Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.