Habarlar
Habarlar
Halkara kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilýän ilkinji Kiberhowpsuzlyk boýunça «Cyber Security Central Eurasia 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş güni dowam edýär.
2023-nji ýylyň 3-4-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahaty geçirilýär
Guramaçylykly we ýokary derejede geçirilýän Kiberhowpsuzlyk boýunça «CSS 2023» atly halkara maslahatynyň 1-nji iş gününe dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleri hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmeginde wekiliýeti gatnaşdylar.
«Turkmendenizderyayollary» agentliginde Yslam Ösüş Bankynyň wekilleriniň we Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Golaýda «Turkmendenizderyayollary» agentliginiň edara binasynda “Turkmendenizderyayollary” agentliginiň wekilleri bilen Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) wekilleriniň, şeýle hem Singapur hyzmatdaşlyk kärhanasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
«Türkmenaragatnaşyk» we tor çözgütleriniň öňdebaryjy ýapon üpjünçisi hyzmatdaşlyga gönükdirilendir
Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary bilen «NEC Telecommunication Information Technologies Ltd.Sti.» kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Aşgabat halkara howa menzili suw çüwdürimlere tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili suw çüwdürimlere tehniki hyzmat bermek, şeýle hem Aşgabat halkara howa menziliniň çägindäki gazonlary, otlary, ýaşyl ýerleri, agaçlary, gyrymsy agaçlary we gülleri abatlamak we suwarmak üçin tender yglan edýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
5-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmenpoçta” ýük ugratmak hyzmatynyň gerimini giňeldýär
Az bolsun, köp bolsun, göwrümi uly ýa kiçi bolsun, tapawudy ýok, Türkmenistanyň islendik künjeginden ýüki tiz we amatly ugratmak üçin “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik ýük bölümine ýüz tutmak ýeterlik. Bu bölümler ýurdumyzyň islendik welaýatynda demir ýol menzillerinde bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
6-njy oktýabrda — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmenistanda “Aurus” kysymly ulaglar ulanylyp bilner
Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanda “Aurus” kysymly awtoulaglaryň peýda bolup biljekdigini mälim etdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.