Habarlar
Habarlar
16563b75a41fb7.jpeg
2 ýyl ozal
Howa gatnawy esasynda ýükleriň daşalmagyna isleg artýar

Halkara howa gatnawy assosiasiýasynyň (IATA) maglumatlaryna görä, global raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende sentýabr aýynda 1,9 % ýokarlandy we 20,8 milliard tonna kilometr netije görkezildi. Howa ýük daşalşyna bolan islegiň artmagy yzygiderli ikinji aýa uzady.

165641ad452d51.jpeg
2 ýyl ozal
Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy 2024-nji ýylda başlanyp biler

Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy geljek ýyl başlanyp biler. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparowyň habar berendigini «Trend» mälim edýär.

1675f288685d4c.jpeg
1 ýyl ozal
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI-DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ HAZYNASY

Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirdi. Ol umumadamzat edebi hazynasyna mynasyp goşantdyr. Şahyryň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer garaýyşlar diňe bir şol döwürde ýaşan türkmen halkynyň durmuşyna däl, eýsem, Gündogaryň beýleki halklaryna-da öz täsirini ýetirdi.

165620ab7e2de7.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan bäsdeşlige ukyply logistika kompaniýalaryň döredilmegine aýratyn üns berýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen Gutlag iberdi. Onda nygtalyşyna görä, Türkmenistan bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär.

16561fece7d94d.jpeg
2 ýyl ozal
Hazar deňziniň portlaryny ulanyp, ýük daşamak ulgamy dörediler

Hazar deňziniň portlaryny ulanyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen ýük daşamak üçin häzirki zaman, multimodal aragatnaşyk ulgamyny döretmek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Begmyrat Allakbaýew SPEKA-nyň direktorlar geňeşiniň 18-nji mejlisinde aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

16561d77ff2a93.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmenistan we Finlýandiýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ýola goýýar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Finlýandiýanyň «Nurminen Logistics» kompaniýasy Londonda «Türkmenistan — maýa goýum we ösüş» atly maýa goýum forumynyň çäginde halkara ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

165602d5e0a1ca.jpeg
2 ýyl ozal
«Türkmenhowaýollary» Germaniýanyň «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy

«Türkmenhowaýollary» Germaniýany «Hahn Air» awiakompaniýasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy. Bu barada nemes kompaniýasy öz resmi saýtynda habar berdi.

165602c92bb9bb.jpeg
2 ýyl ozal
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçiriljek innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýet 2023-nji ýylyň 22 — 25-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

1655edccd7eee7.jpeg
2 ýyl ozal
Astanada Ýolçylaryň hökümatara geňeşiniň mejlisi geçdi

Gazagystanyň paýtagty Astanada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýolçylaryň hökümatara geňeşiniň nobatdan daşary 47-nji mejlisi geçdi. «Kaztraffic-2023» XIX Halkara forumyň çäklerindäki mejlis Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň ýol-ulag we ylmy-barlag edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi.

1655ed9daa8da9.jpeg
2 ýyl ozal
“Türkmenpoçta” çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär

"Türkmenpoçta" poçta aragatnaşyk kärhanasy Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň ähli ýerine poçta ýollamalaryny we ýükleri eltip bermegi öz içine alýan çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.