Habarlar
Habarlar
Aktau şäherinde Iş toparynyň ýygnagy we «Trans-Hazar halkara ulag geçelgesi» Halkara Guramasynyň Umumy ýygnagy geçirildi
Duşuşygyň dowamynda Umumy ýygnaga gatnaşyjylar TMTM ugry boýunça ýük daşamalarynyň artandygyny belläp, TMTM ugry boýunça konteýner otlylaryndan ýük daşamaklygy gurnamakda bilelikdäki hereketler we jogapkärçilik barada çäreler babatynda Ylalaşyga we Hazar deňziniň portlarynyň arasynda (Aktau – Baku (Alýat)) halkara demir-deňiz ýollaryndan fider gämileriniň gatnaşmagynda konteýner daşamalary gurnamak baradaky Ylalaşyga gol çekdiler.
Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler
Golaýda Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler. Saparyň dowamynda myhmanlar deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Myhmanlar portuň ýolagçy-parom we ýük terminallaryna baryp, her terminalyň aýratynlyklary we ýükleriň görnüşlerine görä göz öňüne tutulan häzirki zaman enjamlarynyň portuň çäginde amallary ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşdylar.
Türkmenistanda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan sergi geçirilýär
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Ýokary hilli hem-de amatly bahadan — atoulag hyzmatlary
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň awtoulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň 1-nji ussahanasy siziň iň bir ygtybarly hyzmatdaşyňyz bolup biler.
«Türkmenpoçta» kompaniýasy ýükleri ugratmak işlerini kämilleşdirýär
Häzirki wagtda «Türkmenpoçtanyň» ýurduň welaýatlaryndaky bölümleri täze tehnologiýalary we hyzmatlary ýetiriş standartlaryny ulanmagy öz içine alýan häzirki zaman usullarda iş alyp barýarlar. Muňa bolsa ýurduň sebitlerindäki demir ýol menzillerinde ýerleşýän we türkmenistanlylara uly hem-de kiçi ýükleri tiz hem ygtybarly ugratmaga, şeýle-de kabul edip almaga ýardam edýän poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýük bölümlerini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen harytlary demir ýol arkaly Ýakyn Gündogara daşamak meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar
Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasy we Demirgazyk-Günorta geçelgesiniň ýurtlary Türkmenistanyň we Eýranyň üsti bilen harytlary demir ýol arkaly Ýakyn Gündogara daşamak meselesini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.
Milli raýat awiasiýasy Russiýanyň çäklerindäki şahamçalarynyň täzelenen salgylaryny mälim etdi
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti özüniň resmi web-saýtynda Russiýanyň çäklerindäki şahamçalarynyň täzelenen salgylaryny mälim etdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň “Arkadag” medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew sişenbe güni Aşgabatda Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Niýatbekzoda Wafo bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.