Habarlar
Habarlar
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde, öňdebaryjy täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi.
Paýtagtymyzda aragatnaşyk boýunça GDA azga ýurtlarynyň maslahaty geçirildi
8-nji noýabrda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda GDA azga ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 59-njy we sebit arkalaşygynyň çäginde maglumat boýunça gatnaşyjy döwletleriniň utgaşdyryjy maslahatynyň 29-njy bilelikdäki geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherini ösdürmegiň täze ugurlary bilen tanyşdy
16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gara deňiz-Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmeklik maslahatlaşyldy
Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobeska duşenbe güni Buharestde resmi saparda bolýan Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşdy. Onuň barşynda Odobeska Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag geçelgesini tiz wagtda işe girizmek meselelerini maslahatlaşmagyň wajyplygyny nygtady.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşyjylara
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn
Aragatnaşyk pudagynyň ösüşine goşant goşjak hyzmatdaşlyklar
Noýabr aýynyň 9-10-na geçiriljek telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2023» atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahatyna gatnaşjak kompaniýalaryň intellektual tehnologiýalar ulgamyndaky alyp barýan işleri telekommunikasiýa ulgamynda tejribe we bilim alyşmaga, şeýle hem ösen tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy
14-nji noýabrda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.
Daşkentde ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar
Mälim bolşy ýaly, 8-9-njy noýabrda Daşkentde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammiti geçiriler. Gün tertibine laýyklykda, sammitde guramanyň çäklerinde söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag, aragatnaşyk we ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar diýip, «Report.az» habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.