Habarlar
Habarlar
Ýewropanyň iň uly portlarynda konteýner dolanyşygynyň derejesi pese gaçýar
Ýylyň üçünji çärýeginde Ýewropanyň iň uly konteýner porty bolan Rotterdamda konteýnerleriň ugradylmagy azaldy. Şunlukda, ýylyň dokuz aýynda ugradylan ýüküň umumy mukdary geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijisinden pes bolmagynda galýar. Birinji çärýekdäki görkezijiniň takmynan 12% pese düşmeginiň netijesinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende aratapawut 3% -e çenli azaldy.
"Balkan" zawody we "KOMEO" kompaniýasy 42 million dollarlyk şertnama baglaşdylar
"Balkan" gämigurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz enjamlary boýunça koreý assosiasiýasy (KOMEO) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek we bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada "Gukjanews" habarlar agentligi mälim edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygyny kabul etdi
3-nji noýabrda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
“Turkish Airlines” we “Emirates” awiakompaniýalary “Airbus” we “Boeing” uçarlaryny satyn alar
Dünýäniň awiasiýa pudagy COVID-19 pandemiýasyndan soň täzeden janlanýar. Munuň şeýledigine Dubaý şäherinde geçirilýän awiasiýa ulaglarynyň halkara sergisiniň çäklerinde özara baglaşylan iri söwda geleşikleri hem şaýatlyk edýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginde “Merkezi Aziýa – koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça mejlis geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy hem-de atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy
4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzy gurşap alan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Russiýada emeli aň bilen utgaşdyrylýan ýük akymlarynyň paýy 10 göterime çenli artar
«Üznüksiz ýük logistikasy» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Russiýada 2030-njy ýyla çenli 5 milliard transport resminamasy elektron görnüşinde resmileşdiriler. Bu maksat «2030-njy ýyla çenli ulag pudagyny sanlylaşdyrmak bilen özgertmek strategiýasy» bilen kesgitlenýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.
Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesini ösdürer
Russiýa, Gyrgyzystan we Özbegistan «Russiýa — Hazar deňzi — Türkmenistan — Özbegistan — Gyrgyzystan» halkara multimodal ulag geçelgesini ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada «nCa» web saýty habar berdi.
Abu-Dabiniň howa menzilinde özbaşdak bellige durup hem-de goşuňy tabşyryp bolýan täze terminal işe girizildi
1-nji noýabrda Abu-Dabiniň (BAE) halkara howa menzilinde ozalkydan üç esse uly bolan täze terminal açyldy. Ýüzüň biometriýasy boýunça özbaşdak bellige durmak hem-de goňuňy tabşyrmak üçin ýörite bölümleriň bolmagy bu terminalyň aýratynlygydyr. Indi ýolagçylar bu amallary has çalt geçerler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.