Habarlar
Habarlar
Sanly ulgam boýunça amaly okuw maslahaty
2023-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, işgärleriniň, hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgiýetiniň mejlisler zalynda “Sanly ulgamlar we elektron resminama dolanşygy ulgamy” atly amaly okuw maslahaty geçirildi.
TRAСEKA — «ÝEWROPA-KAWKAZ-AZIÝA» HALKARA ULAG GEÇELGESI
Bitarap Türkmenistan döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen halkara üstaşyr-ulag we logistika merkezine öwrülýär. Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşiginiň goldaýandygynyň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzümleriniň ykrarnamalarynyň mysallary, şeýle hem ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň berýän bahasy arkaly göz ýetirmek bolýar.
Dagystan Türkmenbaşydan ugradyljak ilkinji ýük gämisi üçin öz portuny taýýarlaýar
Türkmenistan we Dagystan Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämisiniň işe girizilmegini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar. Muny «Mahaçkalanyň deňiz söwda porty» paýdarlar jemgyýetiniň çeşmelerine salgylanyp, «Mirmol» sebitara ýaşlar maglumat çeşmesi habar berýär.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliýeti Guançjouda birnäçe işewür duşuşyklary geçirdi
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary Hytaýyň Guançjou şäherinde gualan Kanton ýarmarkasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe işewür duşuşyklary geçirdiler.
Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşyklary boýunça maýa goýum forumy Brýusselde geçiriler
Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň – Ýewropa we Merkezi Aziýa – arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlary birleşdirjek maýa goýum forumyna taýýarlyk görýär.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuş tertibini üýtgetdi
Aşgabat (Türkmenistan) — Deli (Hindistan) ugry boýunça gatnawlar 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2024-nji ýylyň 27-nji martyna çenli täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmenistan hem-de ÝB energiýa we ulag pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Lýuksemburgda geçirilen «Merkezi Aziýa — ÝB»-niň ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi.
Türkmenistanyň wekilleri Astrahanda geçiriljek halkara foruma gatnaşar
25-26-njy oktýabrda Astrahan şäheri “HTK “Demirgazyk – Günorta” - täze konsepsiýa” halkara forumyna gatnaşyjylary kabul eder. Bu çäre Astrahan sebitiniň hökümetiniň, “Demirgazyk-Günorta” Hazar halkara integrasiýa klubynyň we “RusIranExpo” kompaniýalar toparynyň goldawy bilen geçiriler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
31-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi.
Owganystanda demir ýol gurluşygy başlar
Owganystanyň demir ýol gullugy täzeden başlamak üçin Gazagystanyň “Integra Construction” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Demir ýol ugrunyň Rozanak bekedinden uzalýan böleginde gurluşyk işleriniň uzynlygy 43 kilometre barabar bolup, ol Rabattarian stansiýasy barar. Kabulda bu demir ýol ugrunyň gurluşygy 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli tamamlanar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.