Döwlet hyzmatlary portalynyň giň mümkinçilikleri
01-12-23
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýola goýlan, sanly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini bir ýerde jemleýän «e.gov.tm» Döwlet hyzmatlary portaly döredilen gününden başlap, ilkinji nobatda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini sanly görnüşde portala ýerleşdirdi.
Häzirki wagtda bolsa, bu portalda ýerleşdirilen hyzmatlaryň sany 500-den geçip, ulanyjylaryň sany günsaýyn artýar. Portalda şahsy otag döretmek bilen bolsa, portalyň hyzmatlaryndan doly derejede peýdalanmaga we portalda ýerine ýetiren amallaryňyzy hemişe gözegçilikde saklamaga mümkinçilikler döredilýär.
«e.gov.tm» raýatlara döwlet hyzmatlaryndan onlaýn peýdalanmaga mümkinçilik berýän amatly we döwrebap platforma bolup durýar. Portalyň mobil goşundysy döredilip, goşundyny Android we IOS platformalarynda ýükläp alyp bolar. Şeýle hem, portalyň interfeýsi dürli ýaşdaky ulanyjylar üçin düşnükli we sada görnüşinde bolup, ol türkmen we rus dillerinde elýeterlidir.
Döwlet hyzmatlar portalynda, raýatlara şahsy otagy döretmek arkaly, onlaýn görnüşde aragatnaşyk we jemagat hyzmatlaryndan peýdalanmaga, dolandyrmaga, sargytlary bermäge hem-de tölegleri tölemäge, jemgyýetçilik ulaglaryna petekleri almaga, E-mekdep, elektron kitaphana, «zehin» sanly ulgamyndan, bilim portalyndan giňden peýdalanmaga, gerekli güwänamalary sargyt etmäge, bank edaralarynyň sanly hyzmatlaryndan şeýle hem, elektron söwda ulgamyndan, statistiki hasabatlary tabşyrmaga we beýleki sanly hyzmatlardan giňden peýdalanmaga mümkinçilik döredildi.
Şeýle hem portalda, ulanyjylar üçin ýurdumyzyň howa maglumaty şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kurslary bilen 7/24 onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilikler hem döredildi.
Portalda ýerleşdirilýän sanly hyzmatlaryň sanynyň günsaýyn artmagy, portalyň mümkinçilikleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, ulanyjylar tarapyndan portala bolan uly gyzyklanma döredýär.
«e.gov.tm»-yň sanly hyzmatlary, ulanyjylara wagtlaryny we serişdelerini tygşytlamaga şert döredýär.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň esasy hünärmeni.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda elektron maglumat alyşmak ulgamy ýola goýuldy
2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda serhet arkaly geçirilýän harytlar hem-de ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ulgamy doly güýjünde işläp başlady. Sanly ulgam arkaly maglumat alyşmaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasynda gazanylan ylalaşyga we onuň Tehniki şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy oktýabrda Stambul, Kazan ugurlary boýunça gatnawlaryň sanyny artdyrar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 25-nji oktýabrdan başlap Aşgabatdan Stambul, Kazan, Ho Şi Min, Milan we Seul şäherlerine gatnawlarynyň sanyny artdyrmak bilen, birnäçe uçuşyň wagtyna hem üýtgeşmeler girizer. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda ýerleşdirilen uçuş tertibinde görkezilýär.
“CAREC 2026”-iň çäginde “Akylly ulag we logistika” ugurdaş forum geçiriler
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.
“Arkadag” futbol toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde sişenbe güni geçirilen AFK-nyň ikinji Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijesinde Türkmenistanyň häzirki çempiony “Arkadag” futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy. Bu barada Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) habar berýär.
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
Türkmenistan belent sepgitler we zähmet ýeňişleri bilen mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de onuň öňüsyrasynda 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine barýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.