Habarlar
Habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu gününde ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolýarys. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.
Paýtagtymyzda №18, №32 we №46 awtobus ugurlary 9-njy oktýabrdan üýtgär
Awtobus hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we ilatyň ýol ulagyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabryndan Aşgabatda aşakdaky görkezilen belgili awtobuslaryň ugurlary üýtgär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli maglumatlar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ýewropa komissary: Türkmenistan–Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köpri
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ÝB-niň komissary Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtady.
Dünýä döwletleriniň Baştutanlary halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelerler
Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň Liderleri 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşarlar.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine
Sizi hünär baýramyňyz — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan uly üstünliklere buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Ulag pudagynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 117,2 göterime deň boldy
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Gyrgyzystan Hazarüsti geçelgesi we Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar
Gyrgyz Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Bekžan Rysmendeýew öz ýurdunyň Hazarüsti ulag geçelgesiniň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini we infrastrukturany hem-de multimodal logistikany kämilleşdirmek başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.