Habarlar
Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
Ilki bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Anwar Ibrahime çakylygy we bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Türkmenistan — ABŞ: Işewürlik gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär
Düýn paýtagtymyzda Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky amerikan işewürleri ýurdumyza geldi.
Özbegistan Türkmenistanyň çägi arkaly Braziliýa konteýner otlusyny iberdi
Özbegistandan Brzailiýa tarap konteýner otlusy iberildi. Ol Türkmenistanyň hem çäginden geçer. Bu barada «Daryo.uz» habar berdi.
Türkmenistanda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwaly geçirildi. Çäre Türkmenistanyñ Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistan-BMG: çarçuwaly maksatnamanyň täze tapgyry işlenip düzüler
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 – 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynynyň Ýolbaşçy komitetiniň utgaşykly görnüşdäki mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
«Marytelekom» WEAK-da «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly maslahat geçirildi
«Marytelekom» welaýat elektroaragatnaşyk kärhanasynda (WEAK) ýakynda «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat ýurdumyzdaky innowasion tehnologiýalary ösdürmek we täze ylmy tehnologiýalar barada pikir alyşmak maksady bilen guraldy. Ylmy-amaly maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary, welaýatyň telekeçileri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy
17-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.
Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler
16–18-nji dekabr aralygynda Aşgabatda «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergi we işewürlik maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.