Habarlar
Habarlar
1675bc42b91bd5.jpeg
1 ýyl ozal
Arkadag şäheri Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň ilkinji “akylly” we durnukly ösýän Arkadag şäherine duşenbe güni Wenada Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň (ESQR) “Hil taýdan saýlama baýragy 2024” (Quality Choice Prize 2024) atly abraýly sylagy gowşuryldy. Çäräniň guraýjysy bolup çykyş eden Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýeti her ýyl şähergurluşyk, saglygy goraýyş we energiýa tygşytlylyk ýaly ugurlarda hil dolandyryşda ýetilen üstünlikleri höweslendirýär.

1675bc2ec75094.jpeg
1 ýyl ozal
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

1675bcb54de050.jpeg
1 ýyl ozal
“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy

Dünýäniň iň baý işewüri Ilon Maskyň “SpaceX” kompaniýasy maýadarlaryň kompaniýasynyň aksiýalaryny satyn almagy teklip edenden siňra dünýäniň iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy.

1675bb88ea7937.jpeg
1 ýyl ozal
Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

1675bc30d31083.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

12-nji hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

16759208f4ef1a.jpeg
1 ýyl ozal
Ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionaty

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Garagum sährasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginde guralan ýaryşa gatnaşyjylar jemi 161 kilometr aralykda bäsleşdiler. Şonuň 138 kilometri ýaryşyň birinji gününde, galany bolsa ikinji günde geçildi.

1675bb572ef5a1.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

12-nji dekabrda ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

167591ff671d24.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli breýn-ring geçirer

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Açyk breýn-ring geçirler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralan «Hemişelik Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk» atly akyl-paýhas bäsleşigi 8-nji dekabrda geçiriler.

1675917b4a912d.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

16759185c8a8af.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Russiýa elektron wiza almak mümkinçiligi döredilen ýurtlaryň sanawyna girdi

Türkmenistan Russiýa syýahat etmek üçin raýatlary bitewi elektron wiza alyp bilýän döwletleriň täzelenen sanawyna giren ýurtlaryň hatarynda boldy. Degişli karara Russiýanyň Hökümetiniň baştutany Mihail Mişustin gol çekdi. Bu barada RF-niň Hökümeti anna güni habar berdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.