Habarlar
Habarlar
Türkmenistan “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň ulag pudagynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary Stambulda geçirilen “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistan bu duşuşyga «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysy bilen wekilçilik etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Ýakynda biz berkarar ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçdik. Garaşsyzlyk toýuny halkymyz uly üstünlikler bilen garşylady.
FESCO Pars aýlagynyň portlaryna konteýner hyzmatyny ýola goýup başlar
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda FESCO ulag kompaniýalar topary Noworossiýsk, Hindistan we BAE FESCO Indian Line West portlarynyň arasyndaky yzygiderli ugruň esasynda Pars aýlagynyň ýurtlaryna deňiz konteýner hyzmatyny ýola goýup başlar. Bu barada «FESCO Integrirlenen Ulag» kompaniýasynyň täjirçilik direktory Alekseý Krawçenko «#Законтейнерами» atly maslahatynynyň barşynda gürrüň berdi.
Türkmen we ýapon gümrükçileri Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy boýunça tejribe alyşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýaponiýanyň Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny durmuşa geçirmek we tejribesini öwrenmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
3-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.
Hytaý Merkezi Aziýa awtoulaglar üçin ýük otlusyny işe goýberýär
Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom etraby Gazagystanyň Almaty şäherine ýük otlusynyň gatnawyny ýola goýýar. Umumy bahasy 27 mln ýuana deň bolan ulag serişdeleri ýüklenen ilkinji ýük otlusy golaýda etrabyň paýtagty Urumçi şäherinden Gazagystana ýola düşdi. Bu barada «Daryo.uz» ýazýar.
“Turkish Airlines” strategik hyzmatdaşlyk arkaly TKCONNECT-iň gerimini giňeldýär
“Turkish Airlines” awiakompaniýasy öňdebaryjy kontent düzüjileriň topary bilen strategik hyzmatdaşlyk etmek arkaly TKCONNECT ekoulgamyny giňeldýändigini yglan etmek bilen NDC (New Distribution Capability) ölçeglerine laýyk gelýän paýlaýyş maksatnamasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissaryny kabul etdi
3-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýneni kabul etdi.
2024-nji ýylyň 8 aýynda Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň üstaşyr ýük gatnawlary 1,9 esse ýokarlandy
2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň netijelerine görä, «Hytaý-Ýewropa-Hytaý» ugry boýunça Birleşen ulag-logistika kompaniýasynyň — Ýewraziýa demir ýollary alýansynyň (ОТЛК ERA — Russiýa, Gazagystan we Belarus tarapyndan esaslandyrylan bilelikdäki kärhana) üstaşyr konteýner gatnawynyň mukdary 296,2 müň TEU boldy, bu geçen ýylyň görkezijisinden 1,9 esse köpdür.
“Türk Howaýollary” Bişkekden Şanhaýa oba hojalyk önümlerini daşar
Gyrgyzystanyň Oba hojalygy ministrliginiň habaryna görä, Türkiýäniň “Türk Howaýollary” awiakompaniýasy Bişkekden Şanhaýa hepdede 300 tonna çenli oba hojalyk önümlerini daşar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.