Habarlar
Habarlar
Türkmenistan bilen IRU ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegine garadylar
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň anna güni Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy habar berýär.
Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” atly halkara sergi geçiriler
2025-nji ýylyň 24-25-nji maýynda türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly ählumumy halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa döwlet saparynyň dowamynda ýurduň Imperatory Naruhito bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ýaponiýanyň tehnologiýa ösüş babatda ýokary derejelere ýetendigini hem-de öz ýurdunyň milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak işine öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygyndaky çykyşy
Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşygy gurandygy üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
“Türkmentelekom” EAK-nyň hyzmatlaryny birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmalary kabul edýär
“Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň saýtynda Türkmenistanyň islendik ýaşaýjysy, ýaşaýan ýerine garamazdan Internet, öý telefony ýa-da kabel TV ýaly hyzmatlary birikdirmek üçin onlaýn-ýüztutmany dolduryp biler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda ýokary derejeli gepleşikleri we duşuşyklary geçirdi
Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Imperator Naruhito, Premýer-ministr Sigeru Isiba, şeýle hem Ýaponiýanyň işewür we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşdy.
Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlary sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar
Ýakynda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek meselelerine bagyşlanan dialog geçirildi diýip, «Sinhua» habarlar agentligi Hytaýyň Kommunistik ýaşlar birleşiginiň Merkezi komitetine salgylanyp habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “EKSPO — 2025” sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy
14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Ilki bilen, siziň ähliňizi “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin. Döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
Çendu bilen Merkezi Aziýanyň arasynda bellenen tertip boýunça ýük otlulary hereket edip başlady
2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden Hytaýdaky Çendu şäheriniň we Merkezi Aziýanyň arasynda bellenen tertip boýunça ýük otlulary hereket edip başlady. Çenduny Özbegistanyň Daşkent şäheri bilen birleşdirýän bu ugur halkara demir ýol gatnawynda möhüm ädim bolup durýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.