Habarlar
Habarlar
2025-nji ýylyň fewraly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Şu ýylyň fewral aýynda geçirilen gepleşiklerdir maslahatlar, işewürlik duşuşyklarydyr syýasy geňeşmeler «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyňlygy bilen subut etdi.
Aprel aýynda Astrahanda "Hazar sebitiniñ ulag logistikasy 2025" forumy geçiriler
2025-nji ýylyñ 23-24-nji apreli aralygynda Astrahanda Hazar sebitiniñ ulag logistikasy 2025" atly halkara forumy geçiriler.
Russiýa Türkmenbaşynyň Deňizçilik orta okuw mekdebine 500-e golaý okuw kitabyny berdi
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Deňizçilik orta okuw mekdebine rus dilindäki 500-e golaý okuw-usuly gollanmalary we ylmy-populýar edebiýat sowgat berildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Ispan kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýarlar
“Ibertest”, “Nobargi”, “Talgo”, “Sercobe”, “INDRA”, “AGRAGEX” we “Teltronic” ýaly 18 sany iri kompaniýanyň wekillerinden ybarat Ispaniýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň 10-a golaý ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen iş duşuşyklaryny geçirmek maksady bilen Türkmenistana geldiler.
Çagalaryň sagdynlygy we bagtyýarlygy — Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepili
5-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy.
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Belarus kaliý ýükiniň üstaşyr gatnawyny amala aşyrýar
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolup çykyş etmek bilen, «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde uly möçberlerde konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.
Türkmenistanyň we Kataryň söwda-senagat edaralary hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň duşenbe güni Doha şäherinde geçiren özara duşuşygynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy habar berýär.
TEKNOFEST 2025 - daşary ýurt kompaniýalaryny tehnologiýa ýaryşlaryna gatnaşmaga çagyrýar
Dünyaniň iň uly awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly bolan TEKNOFEST, 2025-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
6-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we täzeçil usullary ulanmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
5-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.