Habarlar
Habarlar
167c92a0d42045.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

5-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

167c547ee00902.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde işgärleriň arasynda “Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk esaslary” boýunça okuw-seminar geçirildi

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň mejlisler zalynda işgärleriň arasynda sanly ulgam boýunça bilimlerini ösdürmek maksady bilen, “Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk esaslary” atly okuw-seminary geçirildi. Okuwyň dowamynda sanly ulgam boýunça ýurdumyzda kabul edilen kanunlar, maksatnamalar, meýilnamalar hem-de edarada gurnalan sanly maglumat ulgamlaryny ulanmagyň düzgünleri, maglumat we kiberhowpsuzlygy amala aşyrmagyň düzgünleri barada aýdylyp geçildi.

167c5468b8aa4a.jpeg
1 ýyl ozal
Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň geçirijilik ukyby has-da ýokarlandyrylar

Anna güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

167c7d48326897.jpeg
1 ýyl ozal
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

Yslam dünýäsiniň raýdaşlygy we doganlygy alamatlandyrýan mukaddes Oraza aýyny şatlyk bilen garşylaýan günlerinde Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, bu mübärek aý Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna rowaçlyk, abadançylyk getirsin! Gudraty Güýçli Allatagaladan halklarymyzy baglanyşdyrýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyny dileýärin.

167c7d2ff3601e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy

4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

167c5453f74b75.jpeg
1 ýyl ozal
"Altyn asyr" ykjam aragatnaşyk operatory "Oraza" mugt hyzmatyny girizdi

"Altyn asyr" ykjam aragatnaşyk operatory "Oraza" mugt hyzmatyny girizdi. Onuñ kömegi bilen abonentler Mukaddes Remezan aýynda her günki agyz beklenilýän we agyz açylýan wagt tertibi bilen tanşyp bilerler.

167c53a8d4e475.jpeg
1 ýyl ozal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny mart aýynyň ahyryna çenli uzaltdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny mart aýynyň 31-ne çenli uzaltdy. Bu barada daşaýjynyň baş agentiniň Russiýadaky metbugat gullugy habar berýär.

167c6983a4d80c.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

3-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

167c5384fb0989.jpeg
1 ýyl ozal
"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" halkara bäsleşik yglan edýär

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gämiler üçin pirotehniki serişdeleri satyn almak we üpjün etmek boýunça halkara tender yglan edýär

167c695ead557e.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.