Habarlar
Habarlar
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen optik süýümli aragatnaşyk ugruny geçirmegi meýilleşdirýär
Gazagystanyň Sanly ösüş ministrligine salgylanyp, LS habar berşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Eýranyň üsti bilen optik süýümli aragatnaşyk ugrunyň gurulmagy maslahatlaşmalar tapgyryndadyr. Bu ugur Pars aýlagynyň Internetine çykalgany üpjün eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň ähli halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Aşgabatda gümrük işgärleri işewür we ulag pudagynyň wekilleri bilen duşuşdylar
Golaýda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda gümrük amallaryny işjeňleşdirmek we daşary söwdany höweslendirmek maksady bilen pudagara duşuşyk geçirildi. Bu ýere gümrük gullugynyň, demirýol we awtoulag agentlikleriniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň, öňdebaryjy ulag-logistika kompaniýalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, gümrük dellallarynyň hünärmenleri bu ýere ýygnandylar.
“Lebapsuwhojalyk” ÖB-ne 41 sany suw göteriji enjamlar gelip gowuşdy
“Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşigine Slowakiýadan we Gazagystandan 41 sany kuwwatly suw göteriji enjamlar gelip gowuşdy. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistan “Agroworld Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşmaga çagyryldy
Türkmenistan Daşkent şäherindäki “Uzexpocentre” sergi merkezinde 11 – 13-nji martda geçiriljek “Agroworld Uzbekistan 2025” atly 20-nji halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Arkadag şäheriniň demir ýol we awtomobil menzillerine Gün panelleri oturdylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen we milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylan künjegi bolan Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.