Habarlar
Habarlar
167ecc24276389.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara foruma taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

167ecc1006c97d.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär.

167ecbecb44c74.jpeg
1 ýyl ozal
Sloweniýanyň Luka Koper porty Hazarüsti geçelgesine birikdiriler

Adriatik deňziň kenarynda ýerleşýän Sloweniýanyň Luka Koper porty Hazarüsti halkara ulag geçelgesine (HHUG) birikdirilmegi meýilleşdirýär.

167ef73d8a53a5.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy.

167eb8eced7cf8.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenbaşy demir ýol menzilindäki wagonlary arassalaýjy desgasy döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanda demir ýol ulgamynyñ maddy-tehniki binýadynyñ berkidilmegi dowam eder. Balkan welaýatynyñ Türkmenbaşy şäheriniñ demir ýol menziliniñ infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmagyñ çäklerinde wagonlary arassalaýjy desgasynyñ durkunyñ täzelenmegi meýilleşdirilýär.

167ef727384841.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

3-nji aprelde Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy.

167eb89bec814a.jpeg
1 ýyl ozal
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Awazada boljak III maslahaty barada okuw sapagy guraldy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde golaýda 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4-8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahaty barada okuw sapagy geçirildi.

167ef7061dedee.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy.

167eb7dbeafb31.jpeg
1 ýyl ozal
Türkmenistanly gyzlar Aýyň orbitasyna hemrany ugratamak boýunça işlere gatnaşyp bilerler

Space Kidz India tarapyndan guralan halkara ShakthiSAT bilim taslamasy 108 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň gyzlary üçin täze gözýetimleri açýar. Bütin dünýänden 12 000 gatnaşyjy älem tehnologiýalar babatda bilim almaga hem-de taryhy missiýanyň bölegi bolmaga ajaýyp mümkinçiligini alarlar.

167ecc08ace7b3.jpeg
1 ýyl ozal
Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygy ýola goýmaga taýýarlanýar

Beýik Britaniýa hemra arkaly göni ykjam aragatnaşygyñ täze tehnologiýasyny ýola goýmaga taýýarlanýar. Bu bolsa ýurtda telekommunikasiýalaryñ ösmeginde möhüm ädim bolar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.