Habarlar
Habarlar
Aşgabatda hil ölçegleri we sertifikasiýa boýunça halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda 29-30-njy aprel aralygynda «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty (QACIS 2025) geçiriler. Bu çäre önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, halkara ülňüleri ornaşdyrmak we hil dolandyryş prosesleriniň sanlylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy
18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap halkara gatnaşyklar ulgamynda oňyn Bitaraplyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip gelýär. Geçen ýyllarda bu ugurda toplanan tejribeler Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň asylly maksatlaryna doly laýyk gelýändigini görkezdi.
Ulag-aragatnaşyk pudagy – Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň hereketlendirijisi
Türkmenistan durnukly ykdysady ösüş depginlerini görkezmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň jemlerine görä, ýurduň jemi içerki önümi 6,3% ýokarlandy. Bu işde 11,1% ösüş depginini görkezen ulag-aragatnaşyk pudagynyň möhüm goşant goşandygy bellärliklidir.
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
BEDEW TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY
Häzirki ajaýyp döwrümize bolan buýsanç her bir ildeşimiziň ýürek töründe orun alandyr. Şeýle buýsançly wakalary has-da çuňňur many-mazmun bilen bezeýän ýyllarymyz beýik ösüşlere beslenip gelýär. Ynha, şu şöhratly ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi halkymyzyň täze üstünliklerini, milli gymmatlygymyz bolan behişdi bedewleriň şöhratyny dünýä ýaýjak ýol-ýörelgedir.
“ATYM BAR - GANATYM BAR”
Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we türkmen jemgyýetinde kämil nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan işleri ylym-bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly bolup, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, bilim bermegiň usulyýet esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär.
Gazagystan uçýan taksilere gyzyklanma bildirýär
Gazagystanda uçýan taksiler peýda bolup biler, bu bolsa syýahat wagtyny ep-esli azaldar. Bu barada ýurduň sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministriniň orunbasary Dmitriý Mun habar berdi. Ol ýurduň ýerli metbugatyna awiasiýa pudagyny sanlaşdyrmagyň global tejribesi bilen baglanyşykly beýanat berdi.
Döredijilikli syýasat — täze üstünlikleriň gözbaşy
Geçen hepde döwlet ähmiýetli möhüm wakalara beslenip, ýurdumyzyň döredijilik ýoly bilen yzygiderli öňe barýandygyny aýdyň görkezdi. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünliklerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özgertmeler syýasaty öz beýanyny tapýar.
Samarkantdaky sammitiň öňüsyrasynda Aşgabatda “ÝB-Merkezi Aziýa” ministrler maslahaty geçiriler
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrler maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäre Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde 3-4-nji aprelde Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyk görmegiň möhüm bölegine öwrüler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.