Habarlar
Habarlar

Türkmenistan bilen Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlary azaltmagy maslahatlaşdylar
Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşigi (UND) bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň çäklerinde, Türkmenistan we Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlaryny azaltmagy maslahatlaşdylar.

2024-nji ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden bellenilen şu ýylyň sentýabr aýy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny, giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ulaglar arkaly türkmen-özbek söwda dolanyşygy 9 aýda 867 million dolardan gowrak boldy
2024-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,5 million amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Aşgabatda 25-nji oktýabrdan №70 belgili «Awtokombinat – Gurtly» awtobus ugry üýtgedilýär
Ýolagçy akymynyň ýokarydygyny nazara almak bilen, №70 belgili «Awtokombinat – Gurtly» awtobus ugrunyň üýtgedilýändigini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-den habar berýäris.

"Sanly çözgüt - 2024" bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady
"Sanly çözgüt - 2024" innowasiýa taslamalarynyň bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady. Çäre "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň binasynda geçirilýär we programma üpjünçiligini, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary işläp düzýän zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagy pugtalandyrylar
Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna ugrady
23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen Owganystan däne önümlerini eksport eder
Gazagystanyň “Prodkorporasiýa” döwlet kompaniýasy ýurtda ýokary hasylyň alynmagy bilen eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugurnda iş alyp barýar. Şonuň üçin gazak bugdaýyny Müsüre ibermek boýunça gepleşikler geçirildi, Owganystana ibermegiň möçberini artdyrmak, şeýle hem Eýrana mekgejöwen eksport etmek göz öňünde tutulýar Bu barada gazak metbugaty habar berýär.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça geçirilen duşuşyk
Golaýda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň “Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnasyny” durmuşa geçirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň arasynda bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň wekili hem gatnaşdy.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.